Ýewropa halk partiýasy Ýewropa Parlamentine saýlawlarda uly tapawut bilen ýeňiş gazandy. Saýlawlaryň ilkinji deslapky netijelerini ÝB-niň Brýusseldäki baş kanunçykaryjy edarasynyň metbugat gullugy çap etdi diýip, 24.kz habar berdi.
ÝB-niň raýatlarynyň 360 milliony deputatlaryň 720-sini saýladylar.
Ýewropa Bileleşiginde sagçy partiýalaryň uly meşhurlyga eýedigine garamazdan, ýewropatarapdarçy güýçler saýlawçylary öz tarabyna çekmegi başardylar. Ilkinji deslapky maglumatlara laýyklykda, Ýewropa geňeşiniň Prezidenti wezipesine ýeke-täk dalaşgär bolan Ursula fon der Lýaýeniň Ýewropa halk partiýasy saýlawlarda birinji orny eýeledi.
Ýewropa Parlamentiniň häzirki başlygy Robert Metsolanyň sözlerine görä, bu partiýa Mejlisde orunlaryň 189-syny gazandy. Ikinji orunda 135 ýer bilen Sosialçylar we demokratlar barýar. Üçünji orunda Ýewropany täzelemek partiýasy ýerleşdi. Netijede, Parlamentde sagçylar öz orunlaryny öňkiden 2 göterime golaý artdyrdylar.
Robert Metsola, Ýewroparlamentiň başlygy: - Ýewropalylar ses berdiler, dünýäde iň iri milli demokratik saýlawlar tamamlandy. Sosiologik pikirsoralyşyklar bu gezek saýlawçylary, esasan, migrasiýa, howa, oba hojalyk, söwda we täze tehnologiýalar meseleleriniň gyzyklandyrýandygyny görkezdi.