Ýewropa gar ýagdy

Ýewropa gar ýagdy

Merkezi Ýewropa we Balkanlara gar ýagdy. Öňýany bu sebitleriň ýaşaýjylary baharda görlüp-eşidilmedik yssy howa bilen ýüzbe-ýüz boldy, howanyň derejesi 30 gradusa deň boldy. Bu barada Еuronews habarlar gullugyna salgylanýan Inform.kz ýazýar.

Ýewropada howa geň galdyrýar, hepdäniň sişenbe gününden bäri Awstriýanyň käbir etraplarynda gar ýagýar, emma geçen dynç alyş günleri ol ýerlerde howa 30 gradusdan hem ýokary derejede maýyldy. Gar düşmegi bilen bagly ýollarda hereket kynlaşdy. Ýol-ulag hadysalary-da bar. Gyssagly gulluklar agaçlar gara tap getirip bilmän, ýollara we elektrik geçirijileriniň üstüne ýykylar öýdüp ätiýaçlanýarlar.

Ýagyş gatyşykly gar Horwatiýa, Rumyniýa, Bosniýa we Gersogowinýa hem düşdi. Ýaşaýjylar güllän miweli baglary sowuk urar öýdüp aladalanýarlar.

Klimatologlar şeýle howa gapma-garşylyklarynyň sebäbiniň ählumumy maýlamadygyny aýdýarlar. Ýerli ýaşaýjylar indi şeýle howa çalşygyna öwrenişmekden başga çäre ýokdugyny belleýärler.

Ýene degişli makalalar

22.08.2017 | Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabatda we onuň töwereklerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy bilen tanyşdy
05.04.2018 | 2017-nji ýylyň ýylýazgysy: saglygy goraýyş
2017-nji ýylyň ýylýazgysy: saglygy goraýyş