Ýewropa çempionatynda argentinaly emin

UEFA ýene-de başlanmagyna 50 gündenem az wagt galan 16-njy Ýewropa çempionatynda jürlewük çaljak eminleriň hem-de olaryň kömekçileriniň sanawyny mälim etdi.Bu ýaryş Bryh, Çakyr hem-de Kuipersiň bassyr 3-nji gezek eminlik etjek Ýewropa çempionaty bolar. 19 sany baş eminiň arasynda Argentinadan hem emin bolup, Fernando Rapallini Günorta Amerikadan Ýewropa çempionatlarynda eminlik etjek ilkinji emin bolar. Ýeri gelende aýtsak, ispaniýaly Hesus Žil Manzano hem iýun-iýul aýlarynda geçirilen Kopa Amerikada jürlewük çalar.

Bulardan başga-da 22 sany VAR otagy eminleri hem-de goşmaça 6 sany emin hem sanawa alyndy. Şol goşmaça eminleriň arasynda fransiýaly zenan baş emin Stefanie Frappar hem bar. Ýewropa çempionaty 11-nji iýun başlap, 11-nji iýulda-da tamamlanar.

Baş eminleriň sanawy

Feliks Bryh (Germaniýa)

Jüneýt Çakyr (Türkiýe)

Karlos del Serro Grande (Ispaniýa)

Andreas Ekberg (Şwesiýa)

Orel Grinfeld (Ysraýyl)

Owidiu Hasegan (Rumyniýa)

Sergeý Karasýow (Russiýa)

Iştwan Kowaç (Rumyniýa)

Býörn Kuipers (Niderlandlar)

Danni Makkelie (Niderlandlar)

Antonio Mateu Lahoz (Ispaniýa)

Maýkl Oliwer (Angliýa)

Daniele Orsato (Italiýa)

Fernando Rapallini (Argentina)

Daniel Sibert (Germaniýa)

Artur Soares Dias (Portugaliýa)

Entoni Teýlor (Angliýa)

Klemen Turpen (Fransiýa)

Slawko Winçiç (Sloweniýa)

The post Ýewropa çempionatynda argentinaly emin appeared first on Zaman Türkmenistan.

Ýene degişli makalalar

Ýewropa çempionatynyň eminleri
FUTBOL BAÝRAMÇYLYGY DOWAM EDÝÄR
Ilkinji zenan emin
FIFA Katar 2022-niň eminlerini mälim etdi, zenan eminler hem çagyryldy
Ronaldo, Mbappe meýdança çykar, Fransiýa bilen Germaniýa duşuşar
XXI asyryň iň gowy eminleri