Serbiýanyň hökümeti we Ýewropa Bileleşigi akkumulýatorlar üçin materiallary bilen üpjün etmek barada şertnama baglaşdy. Özara düşünişmek baradaky Ähtnama Belgradda geçirilen strategiki çig mallar boýunça sammitiň çäginde Serbiýanyň magdan we energetika ministri Dubrawka Jedowiç-Handanowiç we Ýewropa Komissiýasynyň başlygynyň orunbasary Maros Şefçowiç gol çekdi.
Jenleýji resminama gol çekilmegine gatnaşan Germaniýanyň Kansleri Olaf Şols bu şertnamanyň baglaşylmagy Ýewropanyň garaşsyzlygyny saklamaga we batareýalaryň we elektroulaglaryň önümçiligini ýokarlandyrmaga mümkinçilik döreder diýip belledi.
Şu ýylyň iýul aýynyň başynda Serbiýanyň konstitusiýa kazyýeti Ýewropanyň iň uly litiý ýatagy bolan günbatar Ýadar jülgesinde 2,4 milliard dollarlyk magdan taslamasyny togtatmak baradaky karary ýatyrdy. 2021-nji ýylda Ýadarda magdan känini özleşdirmek meýilnamasy Belgradda uly ekologiýa nägileligini döredipdi.
Serbiýanyň Prezidenti Aleksandar Wuçiç “Handelsblatt” gazetine beren interwýusynda Belgradyň Hytaý bilen däl-de, Germaniýa we Ýewropa Bileleşigi bilen Ýewropanyň iň uly litiý ýatagyny özleşdirjekdigini aýtdy. Ol bu taslama bilen Serbiýanyň ykdysadyýetini ösdürmek we ýurduň Ýewropa Bileleşigine goşulyşmagyny çaltlaşdyrmak baradaky uly umytlary baglanyşdyrdy.
– Biz her ýylda 58 müň tonna litiý öndürip bileris. Bu 1,1 million elektroulagy öndürmek üçin ýeterlikdir. Şeýlelikde, Ýewropa bazarynyň, takmynan, 17 göterimini üpjün edip bileris – diýdi Aleksandar Wuçiç belledi. Ol akkumulýator batareýalarynyň önümçiligini ýola goýmagy we litiniň diňe belli bir bölegini çig mal görnüşinde eksport etmegi meýilleşdirýändigini aýtdy.
Ýewropa Komissiýasynyň başlygynyň orunbasary Maroş Şefçowiç öz gezeginde Serbiýanyň “litiý gazyp almakdan başlap, elektrikli awtoulag önümçiligine çenli doly üpjünçilik zynjyry bolan Ýewropa Bileleşigine agza ilkinji ýurt bolup biler” diýip belledi.
Häzirki wagtda Hytaý Ýewropa Bileleşiginiň litiý üpjünçiligi bazarynda aýratyn orun eýeleýär.