Ýewropa Bileleşigi Geňeşiniň başlygy Antonio Kosta Ukraina ynsanperwer, ykdysady we harby goldawy bermäge dowam etdirjekdiklerini, ýurda ýylyň ahyryna çenli 4,2 milliard ýewro goşmaça býujet bilen goldawy öňümizdäki ýyl dowamly ýagdaýda dowam etdirjekdiklerini habar berdi.
Wezipä täze başlan we ilkinji saparyny Ukraina amala aşyran Antonio Kosta, Ukrainanyň prezidenti Wladimir Zelenskiý bilen geçiren metbugat ýygnagynda söz sözledi.
"Wezipä başlan ilkinji günümizde, ÝB-niň Daşary gatnaşyklar we howpsuzlyk syýasatynyň ýokary wekili Kaýa Kallas we ÝB Komissiýasynyň Giňelmekden jogapkär agzasy Marta Kos bilen bilelikde paýtagt Kiewdediris" diýip aýdan Kosta, munuň ÝB-niň Ukrayna berýän goldawynyň anyk-aýdyň görkezijisidigini beýan etdi.
Antonio Kosta, "Ukrainanyň özbaşdaklygyna, territorial bütewligine we serhetlerine hormat goýulmalydyr" diýip nygtady.
Russiýanyň Ukraýnadaky raýat infrastrukturasyna we energetika ulgamlaryna garşy 2022-nji ýylyň fewral aýyndan bäri dowam etdirýän hüjümlerini "rehimsiz" hökmünde häsiýetlendiren Kosta, ÝB-niň urşuň ilkinji gününden bäri Ukrainanyň ýanynda bolandygyny we muny dowam etdirjekdiklerini beýan etdi.
Russiýanyň ykdysadyýetine garşy basyşlaryny artdyrjakdyklaryny aýdan Kosta: "Putin režimine garşy 15-nji sanksiýa bukjasyny taýýarlaýarys" diýip mälim etdi.
Kosta, Ýewropa maşgalasynyň bir bölegi hökmünde häsýetlendiren Ukrainany ÝB-niň agzasy hökmünde görmäge sabyrysyzlyk bilen garaşýandyklaryny belledi.