Ýewropa Bileleşigi Türkmenistanyň ýaşyl ykdysadyýetine 11 million ýewro maýa goýýar

Ýewropa Bileleşigi Türkmenistanyň ýaşyl ykdysadyýetine 11 million ýewro maýa goýýar

Ýewropa Bileleşiginiň Hyzmatdaşlyk gaznasy Türkmenistanyň ýaşyl ykdysadyýetini ösdürmek we söwda senagatyny güýçlendirmek maksady bilen özara hyzmatdaşlygy giňeldýär. Bu barada Ýewropa Bileleşiginiň metbugat gullugy habar berdi.

Bellenilişi ýaly, ÝB durnukly ösüşi üpjün etmek baradaky borçnamasynyň çäginde Türkmenistanyň esasy pudaklaryny güýçlendirmek üçin uly maliýe serişdelerini sarp eder.Türkmenistan 2021-nji ýyldan 2024-nji ýyla çenli aralygy öz içine alýan döwürde 11 million ýewrolyk hyzmatdaşlyk mehanizminden peýdalanýar.

Syýasy geleşikleri goldamak we metan zyňyndylaryny azaltmak, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri, energiýa tygşytlylygy ýaly pudaklara tehniki kömegi bermekde ýaşyl ykdysadyýet uly orun tutýar.

Daşky gurşawy goramak tagallalaryndan başga-da, ÝB-niň başlangyçlary esasynda Türkmenistanda işewürligi, telekeçiligi goldamaga hem uly üns berilýär. Muňa mysal hökmünde zenanlaryň we ýaşlaryň ýolbaşçylygyndaky kiçi hem-de orta kärhanalary goldamaga gönükdirilen ykdysady maksatnamalary aýdyp bolar.

Mundan başga-da, bu gazna Türkmenistana Bütindünýä Söwda Guramasyna (BSG) goşulmakda ýurduň ählumumy söwda ulgamlaryna gatnaşmagyna kömek edýär.

Maglumatlara görä, bu başlangyçlar ÝB-niň Merkezi Aziýadaky iň uly strategiýasynyň bir bölegidir. Ýaşyl ykdysadyýeti ösdürmekde we söwda senagatyny güýçlendirmekde uly ösüşleri gazanýan Türkmenistana ÝB-niň hem strategik goldaw bermegi ýurduň geljekdäki ösüşlerini has-da rowaçlandyrar.

Ýene degişli makalalar

ÝB Türkmenistanda “ýaşyl” ykdysadyýetiň we söwda gurşawynyň berkidilmegini goldaýar
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Wise-premýer R.Meredow türkmen wekiliýetiniň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasyna gatnaşmagynyň netijeleri barada hasabat berdi
Aşgabatda Ýewropa Komissiýasynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi
Germaniýanyň Federal Kansleri Türkiyä gurajak sapary barada beýanat berdi
Ýewropa Komissiýasynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi