Ýewropa Bileleşigi Türkmenistanda wekilhanasyny açar

Ýewropa Bileleşiginiň daşary işler we howpsyzlyk syýasaty boýunça ýokary wekili Federika Mogerini 23-nji noýabrda Türkmenistanda ÝB-niň hemişelik wekilhanasynyň açyljakdygyny yglan etdi diýip, Ýewropanyň daşary syýasat edarasynyň saýtynda habar berilýär.

Mogerininiň sözlerine görä, “Çalt özgerýän regional dinamikalary we Ýewropa bilen Aziýa arasyndaky durnukly baglanyşyklaryň barha ýokarlanýan ähmiýeti Merkezi Aziýany biziň üns merkezimizde goýýar.Sebitiň ýurtlary, hususan-da Türkmenistan, reforma geçirmek, döwrebaplaşmak we şu günki günüň global synaglaryna çözgüt tapmak boýunça ynamdar hyzmatdaş hökmünde, barha kän ÝB tarapyna seredýär. ÝB hem region bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak ugrunda çykyş edýär.

Wekilhananyň açylmagy Türkmenistanyň we ÝB-niň raýatlary üçin biziň mundan beýläk hem bilelikde işleşmäge ýykgyn edýändigimize şaýat bolup hyzmat etmeli”.

ÝB Türkmenistan bilen howpsuzlyk, adam hukuklary, energetika, klimat we kanunyň hökmürowanlygy ýaly strategiki gyzyklanma bildirilýän ugurlarda ýakyndan hyzmatdaşlyk etmekçi bolýar.

Wekilhana 2019-njy ýylda açylar.

ТАСС-yň maglumatyna görä, ÝB 22-23-nji noýabrda Brýusselde ÝB-Merkezi Aziýa ministrlik geňeşmelerini geçirip, onuň barşynda regionyň döwletleri bilen ykdysady, syýasy, medeni garnaşyklary ösdürmek meselelerine, şeýle-de bu ýurtlarda adam hukuklary we reforma prosesine ýardam bermek meselelerine garady.

Ýene degişli makalalar

Delor: ÝB-Merkezi Aziýa duşuşygynda Adam hukuklary we metbugat azatlygy ileri tutulmaly 
ÝB-niň sebitdäki adam hukuklaryna üns bermegine çagyrylýan wagtynda Mogherini Aşgabada barýar
F.Mogherini ÝB-niň Aşgabatdaky wekilhanasynyň ýurduň açylmagyna kömek etmegine bil baglaýar
Türkmenistan syýasy we howpsuzlyk meseleleri boýunça ÝB — Merkezi Aziýa ýokary derejeli dialogynyň mejlisine gatnaşdy
Türkmenistan we ÝB ulag ulgamynda gatnaşyklary çuňlaşdyrmaga çalyşýarlar