Belgiýanyň Daşary işler ministri Hadža Lahbib Ýewropa Bileleşiginiň bir tarapdan Ukraina goldaw berýän bolsa, beýleki tarapdan 24-nji fewralda Russiýa garşy 13-nji sanksiýa bukjasyny girizmäge taýarlyk görýändigini habar berdi.
Belgiýanyň Daşary işler ministri Hadža Lahbib Ukraina 155 mm-lik 1 million ok-däriniň üpjün edilmegi jogapkärçiliginiň ýerine ýetirilmegi üçin Kiýewe ok-däri we raketa üpjünçiliginiň çaltlandyrylmagynyň zerurdygyny beýan etdi.
Hadža Lahbib: "Häzirki wagtda bu maksada ýetmekden uzakdadyrys.Hasaplamalara görä, mart aýyna çenli 524 müň töweregi ok iberiler, bu bolsa biziň meýilleşdirýänimizden has azdyr.Goşmaça ädimler edilmeli we önümçiligini köpeltmelidiris" diýip belledi.
Politico tarapyndan berilen maglumatlara görä 13-nji sanksiýa bukjasy bilen giriziljek çäklendirmeler rus diplomatlara täsir ýetirip biler. Diplomatlara ÝB-de akkreditlenen ýurtlaryndan çykmak gadagan edilip biliner.
Russiýa Ukraina garşy 2 ýyl ozal yglan eden uruş sebäpli girizilen, ahyrkysy geçen ýylyň 18-nji dekabrynda kabul edilen sanksiýa bukjasy, Russiýadan gönüden ýa-da aýlawly ýagdaýda almaz importyny, mundan başgada goşa ulanylýan harytlaryň, suwuklandyrylan propanyň, mis we alýumin simleriň, litiý batareýalarynyň, şeýle hem uçarmansyz howa ulaglarynyň bölekleriniň Russiýa satylmagyny gadagan edýär.
Täze sanksiýalar bukjasynyň kabul edilmegi üçin ÝB-ne agza ýurtlarynyň ählisiniň biragyzdan sanksiýany kabul etmegi talap edilýär.