Ýewropa beýleki yklymlardan çalt gyzýar

Ýewropa beýleki yklymlardan çalt gyzýar

Ýewropa 1980-nji ýyllardan bäri dünýäniň beýleki yklymlaryndan iki esse çalt gyzýar. Bu bolsa, öz gezeginde çakdanaşa yssy howa, tokaý ýangynlaryna we sil joşmalaryna getirip biler diýip, 24KZ habar berýär.

Alymlar eýýäm şu ýüzýyllykda howa töwekgelçilikleriniň has heläkçilikli bolup biljekdigini çaklaýarlar. Munuň netijeleri eýýämden özüni bildirýär, guraklyk, tokaý ýangynlarydyr buzluklaryň eremegi barha çaltlanýar.

Bilermenler geçen fewral aýynyň synlamalaryň bütin taryhynda iň maýyl bolandygyny mysal getirýärler. Ählumumy maýlama öz gezeginde deňiz ekoulgamyna, balykçylyga howp salýar.

Howa taşlanýan parnik gazlaryň artmagy howanyň has gyzmagyna getirer.Bu azyk howpsuzlygyna hem zyýan edýär.Mysal üçin, geçen ýyl Niderlandlarda, Fransiýada, Germaniýada, Daniýada we Belgiýada guraklyk we pes hasyl sebäpli, ýeralma ekilen meýdanlar 7 göterim azaldy.

Zeýtun ýagy ortaça 50 göterim gymmatlady.Bu bolsa, zeýtun ýagyny iň köp ulanýan italiýalylaryň tagam taýýarlaýyş däplerini üýtgetmegine getirdi.Pikiri soraşylanlaryň ýarysyna golaýy ösümlik ýagyna geçendiklerini gürrüň berýärler.

Şu we beýleki ýagdaýlar sebäpli, Ýewropanyň daşky gurşaw boýunça agentliginiň hünärmenleri howanyň üýtgemegine garşy göreşmäge çagyrýarlar. Ýogsam, diňe kenarýaka sil joşmalary netijesinde ýitgiler asyryň ahyrynda ýylda 1 trillion ýewro deň bolup biler.

Alymlar şeýle-de 2022-nji ýylda Ýewropa ýurtlarynda çakdanaşa yssydan 70 müň adamyň pida bolandygyny ýatladýarlar.

Ýene degişli makalalar

Terrora garşy göreş giň gerimli dowam etdirilýär
Ysraýylyň Gaza garşy hüjümleri dowam edýär
Ysraýylyň Gaza garşy guran soňky hüjümlerinde ýene-de azyndan 10 çaga ýogaldy
Terrora garşy göreş tutanýerli ýagdaýda dowam etdirilýär
Terrora garşy göreş giň gerimli dowam etdirilýär
Ysraýylyň Hüjümlerinde Ýene-de Bir Žurnalist Öldürildi