Ýewropa bazarynda has köp ulag satar

Awtoulag önümçiligi bilen meşgullanýan Hytaýyň BYD kompaniýasy Ýewropadaky satuwyny artdyrmagy meýilleşdirýär.Bir ýyldan bäri kompaniýanyň “Tang” atly elektrik energiýasy bilen işleýän SUV modeli Norwegiýada satylýar.Awtoulag öndürijisi ýakynda ýene-de dört ýurtda elektroulag satuwyny ýola goýar.

Mundan ozal kompaniýa germaniýada we Şwesiýada öz ulaglaryny satjakdygyny mälim edipdi.Indi bolsa BYD Niderlandlara we Daniýa hem awtoulag iberer.Bu ýurtlarda ilkinji ulaglar ýylyň soňky çärýeginde müşderilere ýetirilip başlanar.

Kompaniýa awtoulag satmak üçin Niderlandlarda “Louwman”, Şwesiýada we Germaniýada “Hedin Mobility Group” we Daniýada “Nic.Christiansen Group” şereketleri bilen ylalaşdy.Bu şereketleriň birnäçe şahamçasy bolup, uly satuw zynjyryna eýe bolup durýarlar.Hytaý kompaniýasy “Tang” modeli bilen bir hatarda “Atto 3” we “Han” atly modelleri hem Ýewropa bazaryna iberer.

Bu ulaglaryň tehniki babatda Hytaýda satylýan ulaglardan tapawudy ýok. Ýewropada satyljak ulaglar geljek aý Parižde geçiriljek awtoulag sergisinde görkeziler.Ýakupberdi Hakdurdyýew, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutunyň talyby

Ýene degişli makalalar

Ýewropada zawod gurar
90-njy awtoulag sergisi
Dünýäde elektrik transportynyň satuwy iýul aýynda 61% ýokarlanyp, 778 müňe barabar boldy
Toyota bZ3 elektrosedanyny çykarmaga taýýarlanýar
Haýnan Hytaýda benzinli işleýän awtoulaglardan ýüz öwren ilkinji sebit bolar
BYD aýda 300 müň elektrokar çykarar — Tesla şonça ulagy üç aýda çykarýar