Ýewro ― 2024: Italiýa Horwatiýa bilen deňme-deň oýnasa-da, pleý-offa çykdy

Ýewro ― 2024: Italiýa Horwatiýa bilen deňme-deň oýnasa-da, pleý-offa çykdy

Italiýanyň futbol boýunça milli ýygyndysy Ýewropa çempionatynyň üçünji tapgyrynda Horwatiýa bilen 1:1 hasabynda deňme-deň oýnandygyna garamazdan, ýaryşyň indiki tapgyryna çykmagy başardy.

B toparçanyň ugurdaş duşuşygynda bolsa Ispaniýanyň ýygyndysy Albaniýany 1:0 hasabynda ýeňdi. Şeýlelikde, üç duşuşygynda hem ýeňiş gazanan Ispaniýa 9 utuk bilen toparçada birinji orny eýeledi. Italiýanyň 4, Horwatiýanyň 2 we Albaniýanyň 1 utugy bar.

Italiýanyň ýygyndysynyň 1/8 finaldaky garşydaşy hem mälim. Ýewropanyň häzirki çempiony 29-njy iýun güni Berlin şäherinde Şweýsariýanyň ýygyndysy bilen duşuşar. Ispaniýa bolsa toparçalarda üçünji orny eýelän ýygyndylaryň biri bilen 30-njy iýun güni Köln şäherinde güýç synanyşar.

Horwatiýa häzirlikçe, üçünji toparçalarda üçünji orny eýelän ýygyndylaryň arasyndan pleý-offa çykmak mümkinçiligini saklap galýar.

Ýewropa çempionaty 14-nji iýulda tamamlanar.

Ýene degişli makalalar

Euro 2024-iň bijeleri çekildi
EURO 2024-iň bijeleri 2-nji dekabrda çekiler
EURO 2024 Çempionatynyň Çempiony Ispaniýa Boldy
EURO 2024 çempionatynyň B toparyndaky ilkinji duşuşyklar tamam boldy
EURO 2024 Çempionaty dowam edýär
Ispaniýa we Italiýa Ýewropa çempionatyna ýeňiş bilen başlady