Ýewro ― 2024-iň açylyş duşuşygynda Germaniýa Şotlandiýany uly hasap bilen ýeňdi

Ýewro ― 2024-iň açylyş duşuşygynda Germaniýa Şotlandiýany uly hasap bilen ýeňdi

Futbol boýunça Ýewropa çempionatynyň Germaniýanyň we Şotlandiýanyň ýygyndylarynyň arasynda geçirilen açylyş duşuşygynda ýer eýeleri 5:1 hasabynda ýeňiş gazandy.

Duşuşykda nemes ýygyndysynyň gollaryny 10-njy minutda Florian Wirts, 19-njy minutda Jamal Musaila, 45+1-nji minutda Kaý Hawerts, 68-nji minutda Niklas Fýullkrug we 90+3-nji minutda Emre Jan geçirdi. 87-nji minuntda bolsa nemes ýygyndysynyň merkezi goragçysy Antonio Rýudiger öz derwezesine pökgi geçirdi.

Duşuşygyň 45-nji minudynda Şotlandiýanyň ýygyndysynyň goragçysy Raýan porteus gyzyl kart alyp, meýdandan çykaryldy.

Mýunhen şäherindäki Alýans-Arena stadionynda geçirilen duşuşy fransiýaly hünärmen Kleman Týurpeniň ýolbaşçylygyndaky eminler topary alyp bardy.

Bu iki ýygyndy A toparça wekilçilik edýär. Toparçada başga-da, Şweýsariýanyň we Wengriýanyň ýygyndylary bar.

Ýene degişli makalalar

Ýyldyz oýunçy 5 ýyldan soň ýygynda çagyryldy Germaniýanyň düzümi mälim boldy
“Bawariýanyň” ýoldaşlyk duşuşygynda-da nebsi agyranok 27-0
Golden Boy 2022 baýragynyň dalaşgärleri mälim edildi
Roýs, Draksler ýok, Müller, Hummels täzeden dolandy, Germaniýanyň düzümi belli boldy
Mýunheniň Bawariýasy yzygider onunjy gezek Germaniýanyň çempiony boldy
Çeker 'gazamadyndaky' golýazmalara türk-terjime çykalgasy, has uly bazar 'açylýar'