Ýewro-2024-iň 1/8 final tapgyrynyň oýunlarynyň geçiş tertibi

Ýewro-2024-iň 1/8 final tapgyrynyň oýunlarynyň geçiş tertibi

Ýewro-2024-iň 1/8 final tapgyrynyň ähli gatnaşyjylary belli boldy. Indi 16 ýygyndynyň gatnaşmagynda Germaniýanyň şäherlerinde 29-njy iýun 2-nji iýul aralygynda geçjek 1/8 final tapgyrynda ýaryşyň çärýek finalçylary anyklanylar.

29-njy iýunda iki oýun bolar: Germaniýa Dortmundda Daniýa bilen, Şweýsariýa bolsa Berlinde Italiýa bilen oýnar.

30-njy iýunda Gruziýa Kýölnde Ispaniýa bilen (Aşgabat wagty bilen sagat 23:55-de) duşuşar. Şol gün Angliýa hem Gelzenkirhende Sloweniýa bilen güýç synanyşar.

1-nji iýulda Dýusseldorfda Fransiýa Belgiýa duşuşygy, Maýn boýundaky Frankfurtda bolsa Portugaliýa Sloweniýa oýny geçiriler.

2-nji iýulda Mýunhende oýnaljak Rumyniýa Niderlandlar hem-de Leýpsigde oýnaljak Awstriýa Türkiýe oýunlary bilen 1/8 final tapgyry tamamlanar.

Çärýek finalda aşakdaky jübütleriň ýeňijileri duşuşarlar:

Çärýek finalyň oýunlary 5-6-njy iýul günleri, ýarym finalyň duşuşyklary bolsa 9-10-njy iýul günleri geçiriler. Ýaryşyň final oýny 14-nji iýulda Berlindäki Olimpiýa stadionynda oýnalar.

Ýeri gelende bellesek, ýaryşyň häzirki çempiony Italiýanyň milli ýygyndysydyr.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň GFR-daky konsulynyň Bawariýa federal ýerine iş sapary
Türkmenistanyň konsuly Bawaiýanyň döwlet ministri bilen hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşdy
Euro 2024-iň bijeleri çekildi
EURO 2024 çempionatynyň final tapgyryna çykjak ýygyndynyň ilkinjisi şu gün belli bolar
8-nji maýda Türkmenistanyň esasy habarlary
Borussiýa PSŽ toparyny ýeňip, ÝÇL-iň finalyna çykdy