
Germaniýanyň futbol boýunça milli ýygyndysy Ýewropanyň çempionatynyň üçünji tapgyrynda Şweýsariýanyň ýygyndysy bilen 1:1 hasabynda deňme-deň oýnady. Duşuşyk Maýn boýundaky Frankfurt şäherinde geçirildi.
Şeýlelikde, nemes ýygyndysy toparçalaýyn tapgyry 7 utuk bilen tamamlady. 5 utukly Şweýsariýa hem ikinji orny eýeläp, ýaryşyň indiki tapgyryna çykdy. Indi olar 1/8 finaldaky garşydaşlaryna garaşýarlar.
A toparçadaky ugurdaş duşuşykda Wengriýa Şotlandiýany 1:0 hasabynda ýeňdi. Şeýlelikde, toparçalaýyn tapgyrda 3 utuk toplan Wengriýa pleý-off tapgyryna çykmaga bolan mümkinçiligine garaşar. Şotlandiýa bolsa üç duşuşykda 1 utuk toplap, ýaryş bilen hoşlaşdy.