UEFA-nyň web sahypasynda futbol boýunça Ýewro-2020 ýaryşynyň iň gowy goly üçin janköýerleriň ses berlişigi tamamlandy. Tomaşaçylar çehiýaly hüjümçi Patrik Şikiň "D" toparçanyň oýnunda Şotlandiýa (2:0) garşy geçiren goluny ýaryşyň iň owadan goly diýip saýladylar. Bu barada sport-express.ru habar berdi.
Şotlandlar bilen oýunda 25 ýaşly Şik garşydaşyň derwezesine meýdançanyň merkezinden gol geçirmegi başardy. Ýaryşyň iň owadan goly diýen ada Kewin De Bruýnyň (Belgiýa) - Daniýanyň, Pol Pogbanyň (Fransiýa) - Şweýsariýanyň, Mikkel Damsgoryň (Daniýa) - Angliýanyň, Alwaro Moratanyň (Ispaniýa) - Italiýanyň, Federiko Kiezanyň (Italiýa) - Ispaniýanyň, Andriý Ýarmolenkonyň (Ukraina) - Niderlandlaryň, Luka Modriçiň (Horwatiýa) - Şotlandiýanyň, Lorenzo Insinýeniň ( Italiýa) - Belgiýanyň, Kriştianu Ronaldunyň (Portugaliýa) - Wengriýanyň derwezesine geçiren gollary dalaşgärlik etdi. Ýewro-2020 ýaryşy 11-nji iýulda tamamlandy.
Finalda Italiýanyň milli ýygyndysy Angliýany penaltiler seriýasynda ýeňdi (1:1, 3:2).