Ýewro-2020: Angliýa, Horwatiýa we Çehiýa pleý-off-a çykdy

Ýewro-2020: Angliýa, Horwatiýa we Çehiýa pleý-off-a çykdy

Ýewropa çempionatynyň pleý-off tapgyryna D topardan birbada üç milli ýygyndy çykdy — Angliýa, Horwatiýa we Çehiýa.

Toparlaýyn tapgyryň jemleýji duşuşygynda Angliýa Uembli stadionda Çehiýany kabul etdi.Duşuşyk iňlisleriň peýdasyna 1:0 hasabynda tamamlandy. 12-nji minutda Rahim Sterling gol geçirdi.Ugurdaş duşuşykda Glazgoda Horwatiýa Şotlandiýa bilen duşuşdy.

Oýunda horwatiýalylar 3:1 hasabynda ýeňiş gazandylar.Gollary Nikola Wlaşiç (12), Luka Modriç (62) we Iwan Perişiç (77) geçirdi. Şotlandiýalylardan Kallum Makgregor (42) geçirdi.Angliýa 7 utuk toplap, birinji orundan pleý-off tapgyryna çykdy.

Iňlisler F toparynda ikinji orunda ýerleşjek ýygyndy bilen duşuşmaly bolar (Germaniýa, Portugaliýa, Fransiýa ýa-da Wengriýa).Horwatlar toparda ikinji orny eýeledi, çehler üçünji orny eýeleseler hem pleý-off tapgyryna çykmagy başardylar. Çünki görkezijileri babatda beýleki toparlaryň üçünji orunlaryndan ýokary. Şotlandiýa bir utuk bilen dördünji orunda ýerleşip, ýaryşda çykyşyny tamamlady.

Ýene degişli makalalar

Ukraina finala çykdy
Türkmenistan Ählumumy metan borçnamasyna goşuldy
“Reýnjers” 11 ýyldan soň 11-nji gezek Çempionlar Ligasynda
47-nji UEFA Super Kubogy duşuşygy: “Real Madrid” “Aýntraht”
Hindistan daşky gurşaw maksatnamasyny tassyklady
Dünýäniň iň gowy şäherleri
Ummanlar howp astynda: BMG-niň ýolbaşçysy tebigaty goramaga çagyrýar