Ýewraziýa ýurtlarynyň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary

Ýewraziýa ýurtlarynyň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary

2024-nji ýylyň 20-njy oktýabrynda Moldowada prezident saýlawy bilen ÝB-ne agzalyk üçin ähli halk sese goýulşygy geçirildi.Prezident saýlawynda dalaşgärler ýurduň häzirki prezidenti Maisa Sandu sesleriň 34,12, ozalky kazy Aleksandru Stoianogly bolsa 30, 9 göterimini aldy.

Prezident saýlawynyň ikinji tapgyry 2024-nji ýylyň 3-nji noýabrynda geçirler. ÝB-ne agzalyk üçin Konstitutsiýa üýtgetme girizilmegi boýunça geçirlen ähli halk sese goýulşygynda saýlawçylaryň 50,7 göterimi “kabul”, 49,93 göterimi bolsa “garşy” ses berdi.

2024-nji ýylyň 21-nji oktýabrynda Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Çeh Respublikasynyň Daşary işler ministri Žan Lipawskini kabul etdi. Kabul edilşikde Gazagystanyň Çeh Respublikasy we ÝB bilen edýän gatnaşyklary ara alnyp maslahatlaşyldy.

2024-nji ýylyň oktýabr aýynyň 22-24-i aralygynda Tatarystanda BRICS-e agza ýurtlaryň 16-njy liderler sammiti geçirildi.Sammite Azerbaýjanyň, Belarusyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Boliwýanyň, Bosniýa-Gersegowinanyň, Hytaýyň, Günorta Afrikanyň, Hindistanyň, Palestinanyň, Eýranyň, Gazagystanyň, Gyrgyzstanyň, Kongonyň, Mawritaniýanyň, Müsüriň, Özbegistanyň, Russiýa Federassiýasynyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň, Türkiýäniň we Wenesuelanyň Prezidenti, Hindistanyň, Ermenistanyň, Efiopianyň we Wiýetnamyň Premýer-ministri gatnaşdy.

Sammitde, Bahreýne, Bangladeşe, Braziliýa, İndoneziýa, Kuba we Taýlanda Daşary işler ministri wekilçilik etdi.Sammitde BMG-nyň Baş sekretary, Afrika Bileleşiginiň başlygy ýaly halkara guramalaryň baş sekretarlary bilen birlikde jemi 36 ýurduň wekili gatnaşdy.

Sammitde halkara krizisler, köp merkezli dünýä ulgamy, ykdysady hyzmatdaşlyk we BRİJS-de digital töleg ulgamy ýaly birnäçe mesele seljerildi.Sammitiň çäginde özara duşuşyklar geçirildi.Russiýanyň Prezidentiniň orunbasary Ýuri Uşakow 13 ýurduň gurama agza bolmak isleýändigini aýtdy.

Tatarystanyň Prezidenti Rustam Minnihakow BRICS-iň liderleriniň sammitiniň çäginde Azerbaýjanyň, Özbegistanyň we Türkmenistanyň prezidenti bilen özara duşuşyk geçirildi. Prezident Minnihanow özara gatnaşyklaryň ösmegine itergi berýändigi sebäpli Azerbaýjanyn Prezidenti Ilham Aliýewi, Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewi we Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy Dostluk medaly bilen sylaglady.

2024-nji ýylyň 22-nji oktýabrynda Samarkand şäherinde Gazagystanyň we Özbegistanyň Premýer-ministrleriniň gatnaşmagynda 4-nji serhetaşa forum geçirildi. Forumda Gazagystanyň we Özbegistanyň serhetlerinde gümrüksiz söwda zolagynyň açylyp bilinjekdigi nygtaldy. Taraplar özara söwda mukdaryny 10 milliard dollara ýetirmegi maksat edinýär.

2024-nji ýylyň 23-nji oktýabrynda Azerbaýjanyň Goranmak ministri Zakir Hasanow Gyrgyzstanda saparda boldy. Ministr Hasanow resmi saparynyň çäginde Bişkek şäherinde kärdeşi Bakytbek Bekbolotow bilen duşuşdy. Duşuşykdan soň iki ministrligiň arasynda 2025-nji ýylda harby taýdan hyzmatdaşlyk edilmegi boýunça iş meýilnamasyna gol çekişildi.

2024-nji ýylyň sentýabr aýynyň 26-da Stambul şäherinde Türki döwletleriň guramasyna agza ýurtlaryň Senagat, Söwda we tehnalogiýa ministrleriniň 1-nji maslahaty geçirildi. Maslahata Azerbaýjandan, Gazagystandan, Gyrgyzstandan, DKTR-dan, Wengriýadan, Özbegistandan we Türkiýeden degişli ministrler gatnaşdy. Nobatdaky maslahatyň Azerbaýjanda geçirilmegi boýunça karar kabul edildi.

Ýene degişli makalalar

Haýsy ýurt tutýan meýdanynyň giňdigine garamazdan, iň az ilatly hasaplanýar
Fuat Oktaý Mawritaniýanyň Prezidentini Türkiýä çagyrdy
Türkiýäniň Nar eksporty 2020-nji ýylda rekord derejä ýetdi
Dünýä täsinlikleri
Marokka bilen sionist režimiň arasyndaky gatnaşyklary kadalaşdyrmak üçin şertnamasy
Afrika yklymy täze döwre gadam basýar