2024-nji ýylyň 8-nji oktýabrynda Moskwa şäherinde Garaşsyz döwletleriň arkalaşygyna agza ýurtlaryň liderler maslahaty geçirildi. Maslahata Azerbaýjanyň, Belarusyň, Gazagystanyň, Gyrgyzstanyň, Özbegistanyň, Russiýa Federassiýasynyň, Täjigistanyň we Türkmenistanyň Prezidenti bilen Ermenistanyň Premýer-ministri gatnaşdy. Maslahatyň çäginde 14 şertnama gol çekişildi. Azerbaýjanyň Laçin şäheri 2025-nji ýylda Garaşsyz döwletleriň arkalaşygynyň medeniýet paýtagtlygyna saýlandy.
2024-nji ýylyň oktýabr aýynyň 9-10-y aralygynda Günorta Koreýanyň Milli Mejlisiniň başlygy Woo Won-Shik Gazagystanda saparda boldy. Günorta Koreýanyň Milli Mejlisiniň başlygy resmi saparynyň çäginde Gazagystanyň Senadynyň başlygy Maulen Aşimbaýew bilen duşuşdy. Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew Günorta Koreýanyň Milli Mejlisiniň başlygyny kabul etdi.
2024-nji ýylyň oktýabr aýynyň 9-10-y aralygynda Bişkek şäherinde Türki döwletleriň guramasynyň Emeli İntellekt forumy geçirildi.Gyrgyzstanyň Prezidenti Sadyr Japarowyň howandarlygynda geçirlen foruma Türki döwletleriň guramasyna agza ýurtlardan alymlar we ylmy işgärler gatnaşdy.
Türkiýäniň Tehnalogiýa topary gaznasynyň başlygy Selçuk Baýraktar hem foruma abraýly myhman hökmünde gatnaşdy.Gyrgyzstanyň Prezidenti Sadyr Japarow Selçuk Baýraktary kabul etdi we Döwlet nyşany bilen sylaglandyrdy.
2024-nji ýylyň 10-njy oktýabrynda Bişkek şäherinde Türki döwletleriň guramasynyň çäginde Gyzyl ýarymaý we Gyzyl haç torynyň gol çekişlik dabarasy geçirildi. Dabara Türki döwletleriň guramasyna agza ýurtlaryň Gyzyl ýarymaý jemgyýetleriniň başlyklary gatnaşdy. Türki döwletleriň guramasynyň çäginde Gyzyl ýarymaý we Gyzyl haç torynyň sekreterýady Türkiýede ýerleşer.
2024-nji ýylyň oktýabr aýynyň 10-13-i aralygynda Mongoliýanyň Prezidenti Uhnaagiýn Hurelsuh Türkmenistana döwlet saparyny gurady. Mongoliýanyň Prezidenti Uhnaagiýn Hurelsuh Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen duşuşdy. Sapar Mongoliýadan prezident derejesinde Türkmenistana guralan ilkinji sapar hökmünde taryhda ýer aldy.
2024-nji ýylyň 10-njy oktýabrynda Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew Türkmenistanda saparda boldy. Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew resmi saparynyň çäginde kärdeşi Serdar Berdimuhamedow bilen duşuşdy. Saparyň çäginde Gazagystan bilen Türkmenistanyň arasynda 20 şertnama baglaşyldy. Liderleriň gatnaşmagynda Aşgabat şäherinde Abaý Kunanbaýewiň heýkeli dabaraly ýagdaýda açyldy.
2024-nji ýylyň 11-nji oktýabrynda Aşgabat şäherinde “Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanşygy-parahatçylygyň we ösüşiň binýady” atly halkara forum geçirildi. Foruma Eýranyň, Ermenistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzstanyň, Mongoliýanyň, Özbegistanyň, Pakistanyň, Russiýa Federassiýasynyň, Täjigistanyň we Tatarystanyň Prezidenti, TBMM-niň başlygy, Türki döwletleriň guramasy, TÜRKSOÝ we UNESKO ýaly halkara guramalaryň baş sekretarlary gatnaşdy. Forumyň çäginde özara duşuşyklar geçirildi.
2024-nji ýylyň 8-nji oktýabrynda Şuşa şäherinde Türki döwletleriň guramasynyň Saglygy goraýyş ministrleriniň 4-nji maslahaty geçirildi. Maslahata gurama agza ýurtlaryň Saglygy goraýyş ministrleri gatnaşdy. Maslahatda “Türktransplant” ulgamynyň döredilmegi boýunça Ýagşy niýet hyzmatdaşlyk teswirnamasy baglaşyldy.
Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti R. T. Erdogan 2024-nji ýylyň oktýabr aýynyň 10-11-i aralygynda Albaniýada we Serbiýada saparda boldy. Prezident Erdogan Albaniýanyň Prezidenti Baýram Begaý, Premýer-ministri Edi Rama we Serbiýanyň Prezidenti Aleksandr Wujij bilen duşuşdy. Saparyň çäginde Türkiýe bilen Albaniýanyň arasynda 4, Türkiýe bilen Serbiýanyň arasynda hem 11 şertnama gol çekişildi.