Ýewraziýa ýurtlarynyň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary

Ýewraziýa ýurtlarynyň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary

Russiýa bilen Ukrainanyň arasynda parahatçylyk gepleşikleriniň başlamagy meselesi dünýä syýasatynyň gün tertibinde esasy orun eýelemäge dowam edýär. Ukrainanyň Prezidenti Wolodimir Zelenskiý 2024-nji ýylyň 21-nji iýulynda beren beýannamasynda Russiýa bilen gepleşik geçirmäge taýardygyny mälim etdi. Ukrainanyň Prezidenti Zelenskiý 2022-nji ýylda Russiýa Federassiýasynyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putin bilen parahatçylyk gepleşikleriniň geçirilmegini gadagan edýän karary tassyklapdy.

Ukrainanyň Daşary işler ministri Dmitriý Kuleba 2024-nji ýylyň iýul aýynyň 23-26-sy aralygynda Hytaý Halk Respublikasyna resmi sapar gurapdy.Hytaýly kärdeşi Wang Ýi bilen duşuşan Ukrainanyň daşary işler ministri Kulebanyň gün tertibinde özara gatnaşyklar bilen birlikde Ukraina bilen Russiýanyň arasynda geçiriljek parahatçylyk gepleşikleri meselesi esasy orun eýeledi. Şol günlerde Hindistanyň Premýer-ministri Narendra Modiniň Russiýadan soň awgust aýynda Ukraina sapar gurajakdygy meselesi gün tertibine getirildi.

Gyrgyz Resbpulikasynyň Prezidenti Sadyr Japarow 2024-nji ýylyň iýul aýynyň 25-27-i aralygynda Fransiýa iş saparyny gurady. Prezident Japarow iş saparynyň çäginde XXXIIITomusky olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. XXXIII Tomusky olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna Mongoliýanyň Prezidenti hem gatnaşdy.

2024-nji ýylyň 25-nji iýulynda Bişkek şäherinde Türki döwletleriň guramasyna agza ýurtlaryň Baş prokurorlarynyň 3-nji maslahaty geçirildi. Maslahata Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzstanyň, Özbegistanyň, Türkiýäniň we Türkmenistanyň baş prokurorlary gatnaşdy. Maslahatyň çäginde Gyrgyzystan bilen Özbegistanyň Baş prokurorlarynyň arasynda hyzmatdaşlyk şertnamasy baglaşyldy. Şol gün Bişkekde Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasyna agza ýurtlaryň baş prokurorlarynyň 12-nji maslahaty hem geçirildi.

ÝB Geňeşi Ermenistanyň harby goşunyna 10 million ýewrolyk kömek bermek we Ermenistan bilen wiza erkinligi gepleşikleriniň başlamagy boýunça karar kabul etdi.

2024-nji ýylyň 25-nji iýulynda Baku şäherinde Azerbaýjanyn Premýer-minisrti Ali Asadow, Türkiýäniň Ýokary kazyýetiniň başlygy Kadir Özkaýany kabul etdi. Kabul edilşikde Türkiýe bilen Azerbaýjanyň arasyndaky özara gatnaşyklar bilen birlikde hukuky taýdan Türki döwletleriň guramasyna agza ýurtlaryň degişli guramalarynyň arasynda edilýän hyzmatdaşlygyň artdyrylmagy meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy.

2024-nji ýylyň 26-njy iýulynda Türkiýäniň Daşary işler ministri Hakan Fidan, Laosda geçirlen ASEAN-yň daşary işler ministrleriniň 57-nji maslahatyna gatnaşdy.Hakan Fidan maslahatyň çäginde russiýaly kärdeşi Sergeý Lawrow bilen duşuşdy.

Duşuşykda Türkiýe-Russiýa, Türkiýe-Siriýa we Wladimir Putiniň Türkiýä guramagy meýilleşdirýän sapary meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy.Türkiýäniň Prezidenti R.T.Erdoganyň Siriýanyň lideri Başar Asad bilen duşuşmak üçin beren çagyryşyndan soň 25-nji iýulda Başar Asada garaşylmadyk ýagdaýda Moskwa sapar gurady we Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putin bilen duşuşdy.

2024-nji ýylyň 26-nji iýulynda Stambul şäherinde Türki dünýäniň ylmy barlag guramalary forumy geçirildi. Foruma Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzstanyň, DKTR-nyň, Wengriýanyň, Özbegistanyň we Türkiýäniň tanymal ylmy barlag guramalarynyň wekilleri gatnaşdy. Forumda Türki dünýäniň gelejegi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ýene degişli makalalar

2-nji aýlawyň ilkinji duşuşyklary Angliýa bilen ABŞ duşuşýar
Kambojanyň paýtagtynda ASEAN-yň 40-njy we 41-nji sammitleri açyldy
Türkmenistanyň U-20 zenanlar ýygyndysy Aziýanyň kubogy ― 2024-iň saýlama tapgyrynyň bije çekişligine dördünji torbadan gatnaşar
S7 Airlines resmi taýdan Türkmenistana dowamly howa gatnawlaryny dikeltdi, Turkmenportal saýtynda Awtosynyň 4-nji sany çykdy, Türkmenistanyň we Awstriýanyň ýokary okuw mekdepleri Ähtnama gol çekdiler
Türkmen tennisçileri Dewisiň kubogyna gatnaşýar
AHWYAÇK Halkara Gurama Öwrüler