TSR tarapyndan taýarlanýan Ýewraziýa syn atly gepleşigimiziň bu günki sanynda Ýewraziýa ýurtlarynyň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakynda maglumat bermekçi.
2024-nji ýylyň iýul aýynyň 8-9-y aralygynda Hindistanyň Premýer-ministri Narendr Modi Russiýa Federassiýasyna resmi sapar gurady.Paýtagt Moskwada geçirlen Wladimir Putin-Narendra Modi duşuşygynda özara gatnaşyklar bilen birlikde sebitara we halkara meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Saparyň çäginde iki ýurduň arasynda 9 şertnama baglaşyldy.Hindistanyň Russiýada iki sany täze konsullyk açmagy boýunça karar kabul edildi.Russiýa bilen Hindistan özara söwda mukdaryny 2030-njy ýylda 100 milliard dollara ýetirmegi maksat edinýär.
Premýer-ministr Narendra Modi ýurdunda geçirlen saýlawlardan soň ilkinji daşary ýurt saparyny Russiýa gurady.
2024-nji ýylyň 8-nji iýulynda Aktau şäherinde Azerbaýjandan, Gazagystandan, Gyrgyzstandan, Özbegistandan we Täjigistandan 4 müň esgeriň gatnaşmagynda “Birleşdik-2024” atly harby türgenleşik başlady. 17-nji iýula çenli dowam eden türgenleşige 700 harby ulag gatnaşdy. Bu türgenleşik Azerbaýjanyň Merkezi Aziýa ýurtlar bilen bilelikde geçiren ilkinji harby türgenleşigi hökmünde bellige alyndy.
2024-nji ýylyň 12-nji iýulynda San-Peterburg şäherinde Garaşsyz döwletleriň arkalaşygyna agza ýurtlaryň Parlamentara Assambleýasynyň maslahaty geçirildi. Maslahata Azerbaýjanyň, Belarusyň, Gazagystanyň, Gyrgyzstanyň, Russiýa Federassiýasynyň, Özbegistanyň we Täjigistanyň Mejlisiniň başlygy gatnaşdy.
Geçen hepde ÝB-niň Gruziýa boýunça ilçi Pawel Gerçinskiý, Gruziýanyň ÝB-ne utgaşyklyk etabynyň saklanandygyny mälim etdi. Gruziýanyň hökümeti tarapyndan kabul edilen daşary ýurtly içaly kanunyň ÝB tarapyndan şeýle kararyň kabul edilmegine sebäp bolandygyny aýtdy.
Prezident R. T. Erdogan, 2024-nji ýylyň 10-njy iýulynda Waşingtonda NATO-nyň 75 ýyllygyna bagyşlanyp geçirlen liderler sammitiniň çäginde Wengriýanyň Premýer-ministri Wiktor Orban bilen duşuşdy. Erdogan bilen Orban duşuşykda özara gatnaşyklar we Russiýa-Ukraina söweşiniň bes edilmegi bilen sebitara we halkara meseleler hakynda pikir alyşdy.
Waşingtonda geçirlen sammitiň çäginde Azerbaýjanyň we Ermenistanyň Daşary işler ministri hem iki çäk duşuşyk geçirdi.
2024-nji ýylyň iýul aýynyň 11-12-i aralygynda Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew Pakistana döwlet saparyny gurady. Azerbaýjanyň Prezidenti Aliýew Yslamabatda Pakistanyň Premýer-ministri Şahbaz Şerif we Pakistanyň Prezidenti Asif Ali Zerdari bilen duşuşdy. Geçirlen duşuşyklardan soň iki ýurduň arasynda 15 şertnama baglaşyldy.
2024-nji ýylyň 11-nji iýulynda Azerbaýjanyn Milli Mejlisiniň başlygy Sahiba Gafarowa, San-Peterburg şäherinde geçirlen BRİJS-e agza ýurtlaryň parlament başlyklarynyň 10-njy sammitinde eden çykyşynda ýurdunyň gurama agza bolmak isleýändigini aýtdy.
Geçen hepde Gazagystanyň Prezidenti Tokaýew hem ýurdunyň BRİJS-e agza bolmak isleýädigini aýdypdy.Hytaý Halk Respublikasynyň döwlet Ýolbaşçysy Şi Sizinpin hem Gazagystanyň bu başlangyjyna goldaw berjekdiklerini mälim edipdi.
Türkiýe hem ozal BIRJS-e agza bolmak isleýändigini aýan edipdi. Ýakynda türki dilli döwletleriň gurama bilen edýän hyzmataşlygy täze sepgide ýetip biler.
2024-nji ýylyň 11-nji iýulynda DKTR-nyň Ulaglar ministri Erhan Arykly, Gazimagusa portunyň Türki döwletleriň guramasyna agza ýurtlaryň gämilerine açmak, ady agzalýan portuň Türki döwletleriň guramasynyn “Dogan portlar” meýilnamasyna degişli bolmagyny isleýändiklerini mälim etdi.