Ýewraziýa patent guramasy Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýar

Ýewraziýa patent guramasy Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýar

Türkmenistanyň Russiýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Esen Aýdogdyýew duşenbe güni Ýewraziýa patent guramasynyň Prezidenti Grigori Iwliýew bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda Grigori Iwliýew guramanyň dürli ugurlarda Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga taýýardygyny mälim etdi.

Ýewraziýa patent guramasynyň habar bermegine görä, gurama IT hünärmenleriniň arasyndaky gepleşikleri giňeltmekde, anketalary tabşyrmakda, elektron resminamalary dolandyrmakda we ofis işi üçin 3D formatlaryny girizmekde, şeýle hem uzak möhletde umumy hünärmen we maglumat giňişligini döretmekde Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmegi maksat edinýär.

Grigori Iwliýew ýakyn wagtda Türkmenistanyň Ýewraziýa patent konwensiýasyna senagat dizaýnlaryny goramak teswirnamasyna goşulmagyna umyt bildirdi.

Duşuşygyň barşynda Türkmenistan bilen Ýewraziýa patent guramasynyň arasyndaky özara bähbitli we geljegi uly bolan hem-de intellektual eýeçiligi goramak, kanunçylyk we amaly esaslaryny berkitmek babatynda döwletara hyzmatdaşlygyň ösmegine möhüm goşant goşýan hyzmatdaşlygyň häzirki meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň Moskwadaky ilçihanasy habar berdi.

Grigori Iwliýew türkmen tarapyny Ýewraziýa patent konwensiýasynyň gol çekilmeginiň 30 ýyllygyna bagyşlanyp ýakyn günlerde geçiriljek çärelere gatnaşmaga çagyrdy.

Ýewraziýa patent guramasy bu Ýewraziýa patent ulgamynyň işlemegi, oýlap tapyşlar we önümçilik dizaýnlary, Ýewraziýa patentleriniň berilmegi bilen baglanyşykly administratiw meseleleri ýerine ýetirmek üçin döredilen halkara hökümetara guramadyr. Ol Ýewraziýa patent konwensiýasy tarapyndan tassyklanyldy we 8 agza döwletden ýagny, Azerbaýjandan, Ermenistandan, Belarus Respublikasyndan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Russiýadan, Täjigistandan we Türkmenistandan ybaratdyr.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan we ÝPG amaly hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiliklerine garadylar
Ýewraziýa patent guramasy Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga ýokary baha berýär
Ýewraziýa patent guramasynyň Ýewraziýa patent edarasynyň Prezidenti bilen duşuşyk geçirildi
Halk saz gurallary
“Pariž Masters”-iň 7-nji gezek ussady
Eýran Zengezur Geçelgesini Milli Howpsuzlyga Abanýan Wehim Diýip Hasaplaýar