Ýewraziýa döwletleriniň gün tertibindäki wakalar

Ýewraziýa döwletleriniň gün tertibindäki wakalar

Eýranyň Prezidentligine saýlanan Masud Pezeşkiýanyň 2024-nji ýylyň 30-njy iýulynda geçirilen kasam ediş dabarasyna Ýewraziýa ýurtlaryndan Täjigistanyň Prezidenti, Azerbaýjanyň Premýer-ministri, Russiýanyň Mejlisiň Başlygy, Gazagystanyň Senatynyň Başlygy, Ermenistanyň we Gruziýanyň Premýer-ministrleri, Gyrgyzstanyň premýer-ministriniň orunbasary, Türkiýäniň we Türkmenistanyň Daşary işler ministrleri gatnaşdylar.

2024-nji ýylyň 1-nji awgustynda ABŞ-nyň Döwlet sekretary Entoni Blinken Mongoliýa resmi sapar gurady. Blinken paýtagt Ulan-Batorda Mongoliýanyň Prezidenti Hurelsuh Uhnaagiýn, Premýer-ministr Oýun Erdene Luwsannamsraý we Daşary işler ministri Battsetseg Batmunk bilen duşuşyklar geçirdi.

2024-nji ýylyň 1-nji awgustynda Gzagystanyň Prezidenti Kassym-Žomart Tokaýew ÝB-niň Daşary syýasat boýunça Ýokary wekili Žozep Borrelli kabul etdi. Duşuşykda Merkezi Aziýanyň howpsuzlygy, Gazagystan-ÝB gatnaşyklary hakynda pikir alyşyldy. Borrell Gazagystandan Gyrgyzstana bardy. 3-nji awgustda Gyrgyzstanyň Prezidenti Sadyr Japarow Borrelli kabul etdi.

2024-nji ýylyň 2-nji awgustynda Kongo Respublikasynyň Prezidenti Denis Sassou Nguesso Gazagystana ilkinji resmi saparyny gurady. Gazagystanyň Prezidenti Tokaýew we kardeşi Nguesso özara we toparara duşuşyklar geçirdi. Duşuşyklaryň netijesinde Gazagystan bilen Kongo Respublikasynyň arasynda 10 ylalaşyga gol çekişdi.

Şweýsariýanyň Prezidenti Wiola Amherd 2-nji awgustda Mongoliýa ilkinji döwlet saparyny gurady. Prezidenti Wiola Amherd Ulan-Batorda Mongoliýanyň Prezidenti Mongoliýanyň Prezidenti Hurelsuh Uhnaagiýn, Premýer-ministr Oýun Erdene Luwsannamsraý we Mejlisiň Başlygy Amarbaýasgalan Daşzegwiýn bilen duşuşyklar geçirdi. Şu ýyl Mongoliýa bilen Şweýsariýa özara gatnaşyklarynyň ýola goýulmagynyň 60 ýyllygy bellenilip geçilýär.

2024-nji ýylyň 30-njy iýulynda Türkiýe bilen Ermenistanyň özara gatnaşyklarynyň kadalaşma tapgyry boýunça ýörite wekilleri Serdar Kylyç bilen Ruben Rubinýan Alijan-Marmara gümrük geçelgesinde duşuşyp, bäşinji maslahatyny geçirdiler. Ermenistan hem Türkiýe hem-de Azerbaýjan bilen gowy goňşuçylyk gatnaşykaryny ýola goýmak üçin soňky döwürde anyk başlangyçlar etmäge başlady.

30-31-nji iýulda Türkiýäniň Energetika we tebigy serişdeler ministri Alparslan Baýraktar Türkmenistana resmi sapar gurady. Türkmensitanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ministr Baýraktary kabul etdi.

1-nji awgustda Ankarada Russiýa bilen günbataryň arasynda ýesir çalşygy geçirildi. 26 tussaglyk çalşyk, Sowuk uruşdan soň geçirilen iň esasy çalşyk boldy.

2024-nji ýylyň 2-nji awgustynda Ukrainanyň Goranmak ministri Rustam Umarow Türkiýä resmi sapar gurady.Ankarada ministr Umarow Türkiýäniň Goranmak ministri Ýaşar Güler bilen duşuşdy. 3-nji awgustda Türkiýe bilen Ukrainanyň arasynda gol çekilen Erkin söwda şertnamasy Türkiýäniň Resmi gazetinde çap edilip, güýje girdi.

Türkiýe bilen Ukraina 7,3 milliard dollara ýetn söwda mukdaryny gysga möhletde 10 milliard dollara ýetirmegi maksat edinýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanda FAO-nyň wekilhanasynyň açylmagy meýilleşdirilýär
Türkmenistanda BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasynyň wekilhanasy açylar
Türkmenistanda FAO-nyň wekilhanasy açylar
СОСТОЯЛИСЬ ПЕРЕГОВОРЫ С ПРЕДСТАВИТЕЛЕМ ПРОДОВОЛЬСТВЕННОЙ И СЕЛЬСКОХОЗЯЙСТВЕННОЙ ОРГАНИЗАЦИИ ООН
Ankarada Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan sergi açyldy
Türkmenistanyň sambo we söweş sambosy boýunça milli ýygyndysy Daşkentde geçirilen Aziýa çempionatynda 13 medal gazandy