Ýewraziýa döwletleriniň gün tertibindäki wakalar

Ýewraziýa döwletleriniň gün tertibindäki wakalar

Ýewropa Komissiýasynyň Başlyklygyna ikinji gezek saýlanan Ursula fon der Lýaýen ÝB-nin goranyş bileleşigine öwrüljekdigini beýan etdi. Ýewropanyň ýaraglanmagyna sebäp bolan Russiýada geçen hepdeGoranmak ministriniň orunbasarlary Demirgazyk Koreýa bilen Hytaý Halk Respublikasynyň harby wekiliýetleri bilen giňişleýin duşuşyklar geçirdiler. 2024-nji ýylyň 15-nji iýulynda Russiýanyň Goranmak ministriniň orunbasary Andreý Bulyga Hytaýyň Azat ediji goşunynyň Bilelikdäki logistiki güýçleriniň serkerdesi Žang Fan bilen Moskwada duşuşdy.

Russiýanyň Goranmak ministriniň orunbasary Alekseý Kriworuçkanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Demirgazyk Koreýanyň Prezidenti Kim Çen İn tarapyndan kabul edildi.Mälim bolşy ýaly Wladimir Putin 2024-nji ýylyň 16-17-nji maýynda Hytaýa, 19-njy iýunda bolsa Demirgazyk Koreýa sapar edipdi.

Beýleki tarapdan Russiýa-ABŞ dartgynlygy dürli ugurlarda täze wakalar bilen dowam edýär.Russianyň Adalat ministrligi “Moskwa Taýms” gazeti bilen “Halkara Karnegi” gaznasyny islenmeýan guramalaryň sanawyna goşdy.Bu wakadan soň şol gazna Russiýadaky işlerini bes edendigini beýan etdi. 19-njy işýulda Russiýanyň Swerdlowsk sebitiniň kazyýeti “Wol Treet Jornal” gazetiniň Amerikaly žurnalist Ewan Gerşkowiçi içalylyk etmekde jenaýat işine çekip, 16 ýyl azatlykdan mahrum etdi.

Belarusyň Daşary işler ministrligi ýylyň ahyryna çenli 35 Ýewropa ýurdunyň raýatlaryna bir aýlyk möhlet bilen ýurda wyzasyz gelmäge hukuk berendiklerini mälim etdi. Ministrlik bu başlangyjy “açan-açanlygy we parahaty söýüjiligi has-da ýaýbanlaňdyrmak maksady bilen” edendiklerini habar berdi.

18-19-njy iýulda Gyrgyzstanyň Prezidenti Sadyr Japarow Özbegistana döwlet saparyny gurady. Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew gyrgyz kärdeşini howa menzilinde garşy aldy.Daşkent şäherinde özara we toparara duşuşyklar geçirildi.

Geçirilen duşuşyklaryň netijesinde Gyrgyzstan bilen Özbegistanyň arasynda 12 ylalaşyga gol çekildi. 19-njy iýulda prezidenti Hywa baryp gördüler we Özbegistanda gyrgyz medeniýetiniň günlerinin açylyşyna gatnaşdylar. 16-17-nji iýulda Samarkand şäherinde iki ýurduň rektorlarynyň gatnaşmagynda Özbegistan-Gyrgyzstan ýokary okuj jaýlarnyň rektorlarynyň 2-nji maslahaty geçirildi.

2024-nji ýylyň 18-nji iýulynda Azerbaýjanyň Prezidenti İlham Aliýew Britaniýa iş saparyny gurady. Oksfordda geçirilen Ýewropanyn Syýasat Bileleşiginiň 4-nji sammitine gatnaşan Aliýew, sammitiň çäginde onlarça ýewropaly lider bilen özara duşuşyklar geçirdi. Prezident Aliýewiň gün tertibinde Ýerwopa energiýa serişdeleriniň akdyrylmagy bardy.

2024-nji ýylyň 20-nji iýulynda Şuşa şäherinde “Ýalňyş habaryň paş edilmegi: Dezinformasiýa garşy göreş” temaly Global media forumy geçirildi. Forumyň açylyşyna Azerbaýjanyň Prezidenti İlham Aliýew gatnaşdy.

20-nji iýylda Demirgazyk Kipr Türk Respublikasynda Kipr Parahatçylyk Operasiýasynyň 50 ýyllygy bellenilip geçildi. Dabara Türkiýeden Prezident R.T.Erdoganyň ýolbaşçylygynda uly wekiliýet gatnaşdy.

Ýene degişli makalalar

Miras žurnalynyň täze sany çapdan çykdy
Türkmenistanyň ýokary okuw mekdebi dünýäniň iň gowy uniwersitetleriniň sanawyna girdi
Türkmen talyplary halkara internet olimpiadasynda üstünlikli çykyş etdiler
On iki ýaşly mekdep okuwçysy Eýnşteýnden hem ozdurdy
Oksford uniwersiteti bilen AstraZeneca “omikrona” garşy sanjym görnüşini taýýarlamaga girişdi
ABŞ-da liseýde ýaragly hüjüm guraldy