Ýewgeniý Grinko, Türkiyede ýaňadandan konsert turuna çykar

Ýewgeniý Grinko, Türkiyede ýaňadandan konsert turuna çykar

Maý aýynda çykaran türk halk bagşysy Aşyk Weýseliň "Uzyn Inçe Bir Ýoldadyryn" eserini ýerine ýetirip, türk diňleýjileriniň söýgüsini gazanan Ýewgeniý Grinko, şu aý Türkiyäniň dört künjeginde 11 aýry konsert berer.

Sungat işgäri 5-nji oktýabrda Antalýada, 7-nji oktýabrda Adanada, 8-nji oktýabrda Mersinde, 9-njy oktýabrda Kahramanmaraşda, 10-njy oktýabrda Gaziantepde, 13-nji oktýabrda Ankarada, 14-nji oktýabrda Konýada, 16-njy oktýabrda Eskişehirde, 17-nji oktýabrda Bursada, 18-nji oktýabrda Izmirde we 20-nji oktýabrda Stambulda muşdaklary bilen duşuşar.

Ýewgeniý Grinkonyň 2025-nji ýylyň fewral aýynda çykarjak täze albomynyň ilkinji aýdymy "Melting", 4-nji oktýabrda sanly platformalarda paýlaşylmaga başlanar.

Ýene degişli makalalar

Talyp türgenler Olimpiýa oýunlarynda
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Erdogan: "Judi, Gabarda günde 100 müň barrel önümçilik kuwwaty bolan nebit tapdyk" diýdi
Antalýalylar Türkiýäniň Ýerli we Milli Ulagyna Uly Gyzyklanma Görkezdi
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Antalýa syýahatçylaryň üns merkezinde bolmagynda galýar