Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 23-nji sentýabrda BMG-niň Nýu-Ýork şäherindäki ştab-kwartirasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 75-nji mejlisinde wideoýazgy bilen çykyş etdi.Hormatly Prezidentimiz taryhy çykyşynda Türkmenistanyň ählumumy gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça ileri tutýan ugurlaryny we olary çözmek babatda oňyn başlangyçlary aýan etdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz häzirki döwürde täze görnüşli ýiti ýokanç keselleriň ählumumy howpuna garşy göreşmekde, şeýle hem onuň ýaýramagy bilen durmuş-ykdysady taýdan ýaramaz täsirleriniň öňüni almakda halkara bileleşigiň tagallalaryny birleşdirmegiň möhüm ugur bolup durýandygyny belledi.
Milli Liderimiz BSGG-niň howandarlygynda Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň koronawirusyň gelip çykyşyny öwrenmek, bu howply ýokanja garşy göreşmek boýunça köp taraply usuly işläp taýýarlamak, ýiti ýokanç keseli bejermek we onuň öňüni almak boýunça Usulyýet merkezini döretmek babatda Ýörite maksatnamanyň esaslandyrylmagynyň zerurdygyny nygtady. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz ulag meselesi boýunça giň halkara gatnaşyklary işjeňleşdirmek başlangyjyny öňe sürmek bilen, Türkmenistanyň adatdan daşary ýagdaýlarda durnukly halkara gatnawlary üpjün etmek meselesini öňe sürýändigini belledi.
Milli Liderimiz dünýä ykdysadyýetini dikeltmek, söwdany we maýa goýum işini höweslendirmek boýunça ähli işleri Bütindünýä söwda guramasynyň öz üstüne almagynyň maksadalaýyk boljakdygyny belledi. Şunlukda, hormatly Prezidentimiz ýakynda BSG-de synçy derejesine eýe bolan Türkmenistanyň ählumumy ykdysadyýetde emele gelen ýaramaz ýagdaýlary tiz wagtda ýeňip geçmek, ony sazlaşykly ösüş ýoluna atarmak boýunça anyk çäreleri ilerletmek üçin emele gelen mümkinçiliklerden netijeli peýdalanjakdygyny aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz koronawirus ýokanjynyň dünýäniň köp sanly ýurtlarynda bardygyny we onuň ekologiýa nukdaýnazaryndan aýratyn wehim salýandygyny belledi.Bu mesele ulgamlaýyn we toplumlaýyn çemeleşmeleri talap edýär. Şunlukda, Birleşen Milletler Guramasynyň işiniň möhüm ugry hökmünde degişli resminama-hukuk işlerini amala aşyrmalydygyny belläp, hormatly Prezidentimiz BMG-niň Aral deňziniň sebiti üçin Ýörite maksatnamasynyň döredilmegine ünsi çekdi.
25-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde paýtagtymyzdaky Ruhyýet köşgünde wideoaragatnaşyk arkaly Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi geçirildi.
Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda Konstitusion kanun ählihalk ara alnyp maslahatlaşylmadan soňra Halk Maslahatynyň mejlisinde kabul edildi, bu resminama laýyklykda, ýurdumyzda iki palatadan Mejlisden we Halk Maslahatyndan ybarat bolan Milli Geňeş döredildi.
Hormatly Prezidentimiziň umumymilli forumda eden maksatnamalaýyn çykyşynda belleýşi ýaly, şu gezekki konstitusion özgertmeler Garaşsyz ýurdumyzy mundan beýläk-de ösdürmegiň hukuk binýadyny berkitmek we döwlet häkimiýet edarasynyň işiniň netijeli bolmagyny ýokarlandyrmak üçin oňaýly şertleri döreder.
Mahlasy, Türkmenistan döwlet Garaşsyzlygyna eýe bolmagynyň 29 ýyllyk şanly senesini ägirt uly üstünlikler bilen garşylady, bu ýetilen sepgitler geljekki üstünlikleriň hem-de täze zähmet ýeňişleriniň ygtybarly binýadyny emele getirýär.
Ähli ýerlerde giň gerimli gurluşyk işleri ýaýbaňlandyrylyp, köp sanly häzirki zaman desgalary, nebitgaz we himiýa senagatynyň, energetika toplumynyň, oba hojalyk, ulag we kommunikasiýa, söwda we hyzmatlar ulgamynyň desgalary gurlup, ulanylmaga berilýär. Türkmen halkynyň durmuş derejesi yzygiderli ýokarlanýar, obalarda we şäherlerde halkara ölçeglere laýyk gelýän zerur düzümler kemala gelýär.
Türkmenistanyň esasy ugurlary beýleki döwletler bilen dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmak, iri halkara guramalar, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasy bilen ýygjam gatnaşyk etmek bolup durýan oňyn bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanan daşary syýasy strategiýasy hem aýdyň miwelerini berýär.
Milli Liderimiziň Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge, energetika howpsuzlygy üpjün etmäge, halkara ulag geçelgelerini kemala getirmäge, daşky gurşawy goramaga, döwrüň beýleki wajyp meseleleriniň sazlaşykly çözgüdini işläp taýýarlamaga gönükdirilen netijeli başlangyçlary dünýä jemgyýetçiliginiň giň goldawyna we ykrarnamasyna mynasyp boldy.
Şu ýylyň möhüm wakalarynyň hatarynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygynyň baýram edilmegini bellemek gerek. Şu şanly sene mynasybetli Diýarymyzda we daşary ýurtlarda dürli çäreler geçirilýär.
Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy dünýä metbugatynyň sahypalarynda Hormatly Prezidentimiziň başlyklyk etmeginde geçirilen ählihalk forumynda döwlet gurluşynyň ösüşini we häsiýetlerini kesgitleýän möhüm çözgütler kabul edildi. Döwlet Baştutanymyzyň gol çeken Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda Konstitusion kanun dünýäniň habar beriş serişdelerinde uly gyzyklanma döretdi. Şonuň üçin halkara media bileleşiginiň hem-de metbugat wekilleriniň ünsi geçen hepdäniň wakasyna gönükdi. Halk Maslahatynyň mejlisiniň geçişini Arkalaşygyň ýurtlarynyň habar beriş serişdeleri hem-de türkmen elektron neşirleri, tele we radioýaýlymlary, resmi we garaşsyz saýtlar işjeň beýan etdiler. РИА täzelikler topary maslahatda kabul edilen resminamalar, döwlet Baştutanymyzyň çykyşy barada habar bermek bilen, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň konstitusion özgertmeleri kabul edendigini nygtady. ТАСС öz okyjylaryna Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň konstitusion özgertmeleri makullandygyny habar berdi.
Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň resmi saýtynda ýerleşdirilen habarlaryň yzysüre, türkmen Parlamentiniň iki palataly ulgama geçendigi baradaky habary Russia today, Интерфакс, Аргументы и факты, Эхо Москвы, Московский комсомолец, МИР24, Взгляд, Regnum, Рамблер, Казинформ, Каспий Online, Вестник Кавказа, Informбюро, Azerbaycan 24, aqreqator.az, iMag.one, forbes.kz, Avesta.tj we beýlekiler çap etdiler.
Şeýle hem habar beriş serişdeleri täze Parlamentiň Türkmenistanyň Milli geňeşi diýlip atlandyryljakdygy barada habar berdiler.Munuň özi kanun çykaryjylyk häkimiýetini amala aşyrýan hem-de iki palatadan Halk Maslahatyndan we Mejlisden ybarat bolan wekilçilikli edara bolar. Habar beriş serişdeleriniň ençemesi palatalaryň wezipesi hem-de düzümi hakynda anyk maglumatlary mysal getirdiler.
Bulardan başga-da, habar beriş serişdeleri döwlet Baştutanymyzyň çykyşlaryndan setirleri, hususan-da, Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň dünýä çökgünligine garamazdan, durnukly ösüşini saklap galandygyny habar berdiler. Türkmenistanyň Prezidentiniň Döwlet býujetiniň serişdeleriniň 70 göterimden gowragynyň durmuş maksatly ugra gönükdirilýändigi barada aýdanlaryny, 2021-nji ýylda Döwlet býujetiniň hasabyna maýyplar we goldawa mätäç raýatlar üçin ýaşaýyş jaýlaryny gurmagy dowam ederis diýen sözlerini daşary ýurt habar beriş serişdeleri mysal getirdiler. Saglygy goraýyş we bilim ulgamlary Türkmenistanyň ösmegi üçin möhüm ugurlardyr diýen sözbaşy astynda Türkiýäniň Anadolu habarlar agentligi türkmen Lideriniň saglygy goraýyş işgärlerini höweslendirmegiň möhümdigi barada aýdan sözlerine salgylanyp, Saglygy goraýyş ulgamynyň işgärlerine goşmaça ýeňillikleriň berilmegini göz öňünde tutýan Karara gol çekendigini habar berdi. Trend öz okyjylarynyň ünsüni Halk Maslahatynda gozgalan meselelerden başga-da, Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan teklip edilen ulag, energetika we ekologiýa howpsuzlygy baradaky meselelere çekdi. Aşgabatda geçirilen Halk Maslahatynyň mejlisine gatnaşyjylar döwlet Baştutanymyzyň degişli ugurlar boýunça halkara hyzmatdaşlygy berkitmegiň möhümdigini nazara almak bilen, ýurduň ulag we energetika ulgamyny ösdürmek babatda wajyp belliklerini diňlediler. Şunuň bilen baglylykda, ekologiýany goramak boýunça kadalary berjaý etmegiň aýratyn ähmiýeti bellenildi diýip, AMI Trend habar berdi. Türkmenistanyň Prezidenti ýurtda ykdysady we durmuş ösüşiniň möhüm şerti hökmünde ulag düzüminiň kemala getirilmeginiň ähmiýetini belledi.
Demir ýol, awtomobil, howa hem-de suw ulaglaryny nazara almak bilen, amatly we howpsuz halkara ýollar sebitde durnukly ösüşi üpjün etmäge mümkinçilik döredip, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň giňeldilmegine, hyzmatdaşlygyň berkidilmegine hem-de ýurtlaryň arasynda haryt dolanyşygynyň möçberini artdyrmaga ýardam eder.