NEBITGAZ TOPLUMY DÜŞEWÜNTLI PUDAK19-njy noýabrda hormatly Prezidentimiz nebitgaz toplumyny ösdürmek boýunça iş maslahatyny geçirdi.Onda nebitgaz toplumynyň işini has-da kämilleşdirmek, ýurdumyzyň energetika syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryny göz öňünde tutup, pudagyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak baradaky meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Maslahatyň barşynda pudagyň ýolbaşçylary hasabatlar bilen çykyş etdiler.Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça ýangyç-energetika toplumynda ylmyň hem-de halkara tejribäniň soňky gazananlaryny ornaşdyrmak, tebigy gazyň we nebitiň gazylyp alnyşynyň, olary gaýtadan işlemegiň möçberlerini artdyrmak maksady bilen degişli işler geçirilýär.
Döwlet Baştutanymyzyň türkmen tebigy gazyny diwersifikasiýa ýoly bilen dünýä bazarlaryna çykarmak baradaky energetika syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna laýyklykda, gazhimiýany ösdürmek we “mawy ýangyjyň” eksport edilişiniň ýaýbaňlandyrylan düzümini döretmek boýunça taslamalar yzygiderli durmuşa geçirilýär. Şunuň bilen bir hatarda, nebitiň çykarylyşyny artdyrmak, nebite hem-de tebigy gaza baý bolan täze meýdançalary ýüze çykarmak we özleşdirmek barada döwlet Baştutanymyzyň öňde goýan wezipelerini durmuşa geçirmek boýunça işler talabalaýyk dowam etdirilýär.Hasabatlardan görnüşi ýaly, ýurdumyzyň iri nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek, olara innowasion tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy boýunça işler alnyp barylýar. Ýurdumyzyň gündogarynda, Malaý gaz käninde we oňa ýanaşyk Täjibaý meýdançasynda üç ölçegli seýsmo-barlag usuly arkaly geçirilýän gözleg-barlag işleri, şeýle hem Demirgazyk Çopanguýy meýdançasynda aşaky gatlaklary öwrenmek we olaryň gazlylygyna baha bermek boýunça geçirilýän gözleg-barlag işleri geçirilýär.Şeýle hem Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygynyň taslamasynyň ilerledilişi barada hasabatlar berildi.
Taslama gatnaşyjy döwletleriň degişli düzümleri bilen bilelikde, ozaldan bar bolan ylalaşyklaryň üstüni ýetirmek boýunça işler alnyp barylýar.Ozal Owganystanyň we Pakistanyň hökümetleriniň hem-de kabul edýän taraplaryň arasynda ylalaşygyň Baş şertlerine gol çekildi.
Häzir bolsa bu ylalaşygyň gazy üstaşyr geçirmäge, akdyrmaga degişli düzgünleriniň şertleri ylalaşylýar.Bu işleri geljek ýylyň birinji çärýeginde tamamlamak göz öňünde tutulýar.Hormatly Prezidentimiz hasabatlary diňläp, pudagyň ýolbaşçylaryny nebitgaz toplumynda sanly tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmagy üpjün etmäge, öndürilýän önümleriň hilini ýokarlandyrmaga we onuň köp girdeji getirmegini gazanmaga, ilkinji nobatda, üns berilmelidigini belläp, birnäçe tabşyryklar berdi.
SENAGAT WE KOMMUNIKASIÝATOPLUMYNY SAZLAŞYKLY ÖSDÜRMEK20-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz senagat kommunikasiýa toplumyny ösdürmek boýunça iş maslahatyny geçirdi.Onuň dowamynda senagat we kommunikasiýa toplumynda bar bolan çözülmeli meseleler hem-de toplumyň öňünde durýan wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Häzirki döwürde sanly ulgamy ösdürmegiň konsepsiýasynyň çäklerinde ýurdumyzda maglumat-kommunikasiýa tehnologiýasyny işjeňleşdirmek maksady bilen, senagat we kommunikasiýa toplumynyň düzümindäki agentliklerde degişli meýilnamalar taýýarlanyldy hem-de tehniki şertler işlenip düzüldi.Milli Liderimiziň tagallasy bilen, Türkmenistany yklymlaýyn iri ulag-logistik merkezine, Ýewropany we Aziýany baglanyşdyrýan möhüm çatryga öwürmek ugrunda degişli agentlikler tarapyndan giň gerimli işleriň durmuşa geçirilýändigi barada giňişleýin maglumat berildi.Maslahatda berlen hasabatlara laýyklykda, ilatymyzyň ýokary tizlikli internet hyzmatlaryna bolan isleglerini kanagatlandyrmak maksady bilen, “Türkmenaragatnaşyk” agentligi tarapyndan degişli işler ýerine ýetirilýär.
Milli Liderimiziň sanly ykdysadyýeti işjeňleşdirmek barada beren tabşyryklaryndan ugur alnyp, “Türkmenaragatnaşyk” agentligi tarapyndan Aşgabat şäherinde, welaýat we etrap merkezlerine optiki süýümli aragatnaşyk ulgamlary çekilip, sanly ykdysadyýete geçmek üçin degişli düzüm taýýar edildi.
Soňky ýyllarda toplumda amala aşyrylýan giň möçberli özgertmeleriň netijesinde ýurdumyzyň eksport mümkinçilikleri artdy. Şunlukda, ulag-logistika hyzmatynyň halkara ähmiýetli ulag-üstaşyr geçelgeleri berkidildi.Dokma, himiýa we beýleki senagat pudaklarynda daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek arkaly ýerli çig mal serişdeleri ulanyp, ekologiýa taýdan arassa, eksporta niýetlenen, şeýle hem daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan kiçi we orta önümçilikleri ýola goýmak boýunça birnäçe işler durmuşa geçirilýär.Şeýle hem älem giňişliginden Ýeriň üstüne gözegçilik edýän täze emeli hemra ulgamynyň taslamasyny düzmek, gurnamak we älem giňişligine çykarmak boýunça tehniki şertler taýýarlanylyp, degişli işler amala aşyrylýar.Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe gülläp ösýän Garaşsyz ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny barha artýar.
Senagat-kommunikasiýa toplumynda durmuşa geçirilip başlanan giň gerimli taslamalar hem halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak, mähriban halkymyzy ýokary hilli önümler we hyzmatlar bilen üpjün etmek üçin uly mümkinçilikleri döredýär diýip, milli Liderimiz belledi.
Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň ykdysadyýetini ösdürmegiň giň gerimli maksatnamasyny durmuşa geçirmekde senagat we kommunikasiýa pudaklaryna uly ornuň degişlidigini belläp, toplumyň ýolbaşçylaryna birnäçe tabşyryklary berdi.
OBA HOJALYGY YKDYSADYÝETIMIZIŇMÖHÜM PUDAGY21-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz oba hojalyk toplumyny ösdürmek boýunça iş maslahatyny geçirdi.Onda pudakdaky işleriň ýagdaýyna seljerme berildi, ýer-suw serişdeleriniň ulanylyşynyň netijeliligini ýokarlandyrmaga, geçirilýän özgertmeleriň depginini güýçlendirmäge degişli meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy, oba zähmetkeşleriniň öňünde durýan wezipeler kesgitlenildi.Hasabatlarda milli Liderimiziň geljek ýylda gowaçanyň ekiljek meýdanlaryny köpeltmek baradaky tabşyryklary göz öňünde tutulyp, bu ugurda ekin meýdanlaryny taýýarlamak, agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda suwaryş suwy bilen üpjün etmek, zerur tohum, mineral dökünleri hem-de gowaça meýdanlarynda işlediljek tehnikalary we gurallary taýýarlamak boýunça degişli işler alnyp barylýandygy mälim edildi. Şeýle hem Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň birinji mejlisinde oba hojalyk pudagynda geçirilýän özgertmeleri has-da kämilleşdirmek, bu ugurda alnyp barylýan işleri döwrebap usulda guramak we pudaga hususy önüm öndürijileri giňden çekmek boýunça kabul edilen çözgütleri durmuşa geçirmek ugrunda maksatnamalaýyn işleriň durmuşa geçirilýändigi bellenildi.Hormatly Prezidentimiz hasabatlary diňläp hem-de iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, döwletimiziň oba hojalygyny ösdürmäge we pudakda düýpli özgertmeleri amala aşyrmaga uly üns berýändigini nygtady.
Munuň üçin köp möçberde maýa goýumlaryny goýmak bilen, pudagyň maddy-tehniki binýadyny has-da pugtalandyrmak, ýurdumyzyň azyk howpsuzlygyny berkitmek üçin giň gerimli çäreler amala aşyrylýar.Milli Liderimiz umuman, oba hojalygynda alnyp barylýan özgertmeleriň depginini güýçlendirmegi, sanly ulgama geçmek boýunça işleri hem talabalaýyk alyp barmagy, hasyllylygy ýokarlandyrmak babatda ylmyň gazananlaryny giňden ornaşdyrmagy hem-de ekinlere hyzmat etmegiň agrotehniki çäreleriniň öz wagtynda geçirilmegini, şeýle hem öndürilýän oba hojalyk önümleriniň eksport edilýän möçberlerini artdyrmak boýunça hem zerur işleri geçirmegi tabşyrdy.Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň oba zähmetkeşleriniň, ähli oba hojalyk işgärleriniň pudagy depginli ösdürmekde öňde duran şu wezipeleri abraý bilen ýerine ýetirjekdigine, Garaşsyz döwletimiziň has ýokary netijeleri gazanmagy, mähriban halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda amala aşyrylýan işlere mynasyp goşant goşjakdygyna ynam bildirdi.