Germaniýanyň “Opel” kompaniýasy aňrybaş derejede ýönekeýleşdirilen “Opel Rocks-e” elektrik ulagynyň önümçiligine başlady, ol Ýewropada öňümizdäki güýzde satuwa çykar.
Täze Opel Rocks-e kysymynyň uzynlygy 2,41 metre, gabarasy aýnalaryny hasaba almanyňda, 1,39 metre deňdir.Agramy 471 kilogram bolan elektrik ulagy AM derejeli sürüjilik şahadatnamasy bolan ýetginjek oglanlardyr gyzlar üçin dolandyrmaga degişli bolan ýeňil awtoulaglaryň sanawyna girýär. Ýeri gelende aýtsak, şeýle sürüjilik şahadatnamasy iň ýokary at güýji 6 kWt, iň ýokary tizligi sagatda 45 kilometrden ýokary bolmadyk iki adamlyk ulaglary dolandyrmaga rugsat berýär.
Opeliň täze kysymynyň aýratyn ýük bölegi ýok, ol ýolagçynyň aýagynyň aşagynda ýerleşýär we 63 litrlik sygymy bar.
Kompaniýa täze önüminiň bahasyny häzirlikçe gizlin saklaýar, onuň nyrhynyň adaty ulaglardan görnetin arzan boljakdygyny welin, wada berýär.