Ýerli önümçilige giň ýol açyldy

Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan önümçiligiň ýola goýulmagy ugrunda giň gerimli işler alnyp barylýar. Şonuň netijesinde, ýurdumyzyň bazarlarynda hem-de söwda merkezleriniň tekjelerinde “Türkmenistanda öndürildi” diýen belgili önümleri görmek bolýar.Bu ugurda gazanylýan üstünlikleriň netijeleri paýtagtymyzyň “Çandybil” söwda merkezinde geçirilen Importuň ornuny tutýan önümçilik tehnologiýalarynyň halkara sergisinde aýdyň şöhlelendirildi.Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy tarapyndan guralan bu sergi importuň ornuny tutýan bölümler babatda ýurdumyzyň bazarynyň üstünlikleri we mümkinçilikleri, şeýle hem senagat enjamlaryny öndürýän, türkmen hyzmatdaşlary bilen uzakmöhletleýin hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly önüm öndürijileriň öňdebaryjy tejribesi we innowasion işleri bilen tanyşdyrmaga gönükdirilendir.

Sergide Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary hem önümlerini görkezdiler.Sergä gatnaşyjylaryň togsana golaýynyň hatarynda ýurdumyzyň döwlet we telekeçiler düzümleri, Ýewropa we GDA ýurtlarynyň kompaniýalary bar.Serginiň agramly bölegi ýurdumyzyň işewürligini ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň birine — önümçilige tehnologiki täzelikleri ornaşdyrmagyň esasynda importuň ornuny tutýan senagat we oba hojalyk kärhanalaryny döretmäge bagyşlandy.

Ekologiýa taýdan arassa ýerli çig malyň esasynda çaga iýmitiniň, gök we miwe goşundylarynyň, şireli suwlaryň, maýoneziň, doňdurmanyň, gaplanan önümleriň, balyk önümleriniň, ýogurtlaryň, şöhladlaryň, dürli süýji-köke önümleriniň önümçiligi ýola goýuldy.Serginiň çäklerinde birnäçe resminamalara hem gol çekildi.

Hususan-da, ösümlik ýagyny öndürýän zawodlaryň gurluşygyna gatnaşýan “Gündogar Akymy” hojalyk jemgyýeti bilen “Syngenta Agro AG” şweýsar kompaniýasynyň arasynda Türkmenistanda ösdürmek üçin günebakaryň tohumlaryny getirmek hakynda şertnama baglaşyldy. Şeýle hem “Agzybir Ojak” hojalyk jemgyýeti bilen “ERENSOY Gida Ve Ambalaj Makinlari San.

Ve Tic.Ltd. Şti” we “EKTAM Makine San. Ýe Tic.A.S.” türk kompaniýalarynyň arasynda çüýşe önümçiliginde ulanyljak enjamlary satyn almak we gurnamak, rafinirlenen ýagy awtomat usulda gaplaýan enjamlary satyn almak we gurnamak boýunça şertnamalar baglaşyldy. Şeýle hem serginiň çäklerinde duşuşyklar geçirilip, olaryň barşynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Tawus GOÇMYRADOWA,S. A. Nyýazow adyndaky TOHU-nyň mugallymy.

Ýene degişli makalalar

Aşgabatda Importyň ornuny tutýan önümleri görkezdiler (foto)
Döwrebap tehnologiýalar — importuň ornuny tutýan önümçiligiň ösüş binýady
04.12.2018 | Döwrebap tehnologiýalar — importuň ornuny tutýan önümçiligiň ösüş binýady
15.12.2018 | Aşgabatda Türkiýäniň eksport harytlarynyň sergisi açyldy
Aşgabatda Türkiýäniň eksport harytlarynyň sergisi açyldy
Aktiwlerini satmak kararyna geldi