Ýerli din wekilleri gonamçylyklaryň maliýe-guramaçylyk işleriniň düzgünleşdirilmegini soraýar

Ýerli din wekilleri gonamçylyklaryň maliýe-guramaçylyk işleriniň düzgünleşdirilmegini soraýar

“Adamlar gonamçylyklarda berilýän sadakalarda gaz we elektrik energiýasy üçin çykdajy edýärler. Sadaka jaýlarynda gazan-tabak, okara-çanak üçin hem töleg tölemeli. Merhumlaryň garyndaşlary, öwülýälere zyýarat barýan adamlar ähli tölegleri müjewürlere ýa-da mazar gazyjylara geçirmeli däl” diýip, balkanly bir din wekili Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde aýtdy.

Balkan welaýatynyň Serdar etrabynyň din resmileri gonamçylyklaryň golaýynda ýerleşýän sadaka jaýlarynda we mazarlyklarda zyýaratçylaryň müjewürlere töleg töleýändiklerini aýdýarlar. Din resmileri gonamçylyklardaky müjewürleri döwlete hiç hili töleg geçirmezlikde aýyplaýarlar.

Balkanly din resmileri bilen gürrüňdeş bolan Azatlyk Radiosynyň habarçysy meseläni has içgin öwrenmek üçin käbir gonamçylyklardaky müjewürler bilen söhbetdeş boldy.

Olar öz girdejileriniň belli bir bölegini döwletiň gaznasyna geçirýändiklerini öňe sürýärler.

“Müjewürler we gonamçylyk işgärleri özlerine geçirilýän pullary döwletiň gaznasyna tabşyrýandyklaryny aýdýarlar” diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy günbatar Balkan welaýatyndan habar berýär.

Bu aralykda, Azatlygyň habarçysy gonamçylyklarda mazar gazyjy adamlaryň bitirýän işleri bilen gyzyklandy.

Türkmen däp-dessurlaryna görä, jynaza çäreleri merhumyň ýakyn hossarlary, dogan-garyndaşlary we ildeşleri tarapyndan guramalaşdyrylýar.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy Balkan welaýatynyň dürli sebitlerinde ýerleşýän gonamçylyklarda mazar gazyp, girdeji gazanýan adamlaryň bardygyny habar berýär.

Meselem, habarçy Serdar etrabynda bir mazar gazdyrmak üçin 500 manat töwereklerinde çykdajy edilýändigini habar berýär.

“Käbir metjitleriň ymamlaryndan soradym. Olar gonamçylyklarda geçirilýän arassaçylyk işleri we doldurylýan resminamalar üçin belli bir mukdarda töleg tölenilmeli edilendigini aýdýarlar” diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy Balkandan habar berdi.

Ýerli din wekilleri, habarçynyň sözlerine görä, jynaza çäreleri bilen bagly ähli çykdajylaryň gonamçylyklardaky müjewürlere we mazar gazyjy adamlara geçirilmegine garşy çykýarlar.

“Zyýarata baran adamlar ähli tölegleri mazar gazyjylara ýa-da müjewürlere tölemeli däldir-ä” diýip, Serdar etrabyndan bolan bir metjit ymamy Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde aýtdy.

Türkmenistanda gonamçylyklaryň maliýe-guramaçylyk işleri hakynda ýörite kanun ýok, ýöne mazarlyklarda berjaý edilýän däp-dessurlar we beýleki guramaçylyk işleri meýletinçilik esaslaryna daýanýar. Bu ugurlardaky meýletinçiligiň esaslaryny ýurduň Haýyr-sahawat işi hakynda kanuny kesgitleýär.

Şäherlerdäki gonamçylyklaryň ýerleşýän ýeri bilen bagly meselelere Türkmenistanyň Şähergurluşyk işi hakynda kanuny garaýar. Galyberse-de, möhüm gonamçylyklaryň we mazarlyklaryň goralyp saklanylmagy bilen bagly meseleler Türkmenistanyň Milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini goramak hakynda kanuny esasynda düzügünleşdirilýär.

Ýöne jynaza çäreleri halk arasynda esasan däp-dessurlaryň hem-de dini kadalaryň ýörelgeleri esasynda amal edilýär.

Türkmenistanda Şähergurluşyk işi hakynda kanun 2015-nji ýylyň awgustynda kabul edildi. Has ozal, türkmen paýtagtynda we onuň eteklerinde birnäçe gonamçylyk häkimiýetler tarapyndan ýykyldy, ýa-da käbir gonamçylyklarda merhumlaryň jaýlanylmagy gadagan edildi.

Aşgabadyň eteginde, Garagum kanalynyň günorta kenarynda ýerleşýän “Didar baba” gonamçylygynda 1998-1999-njy ýyllarda ilki suw goýberilip, mazarlar ýok edildi. 2010-2015-nji ýyllarda bu gonamçylygyň üstünden köpri guruldy.

Aşgabadyň eteginde ýerleşýän “Garadamak” gonamçylygynyň gündogar bölegindäki mazarlaryň ençemesi 2000-2001-nji ýyllarda häkimiýetler tarapyndan göçürilmeli edildi. 2001-2003-nji ýyllarda Aşgabadyň gündogar-demirgazygynda ýerleşýän “Goçgar ata” gonamçylygynda mazarlar suw goýberilip, ýok edildi. 2011-2015-nji ýyllar aralygynda bu mazarlygyň demirgazygyndan geçýän köçe giňeldildi we mazarlaryň üstünden asfalt ýol çekildi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

10-njy iýulda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Türkmenistanyň Prezidentiniň Saud Arabystany Patyşalygyna sapary tamamlandy
Keramatly topraga zyýarat
Şu ýylda Türkmenistandan 2083 adam haj parzyny berjaý edip biler
Saud Arabystany daşary ýurtly zyýaratçylara haja gitmäge rugsat berdi
Saud Arabystan daşary ýurt raýatlarynyň Mekgä zyýarata gelmegine rugsat berdi