“Aura Aerospace” kompaniýasy ekologiýa taýdan arassa, bir gezek doldurylan ýangyjy bilen Ýeriň ýarysyna golaýyny, ýagny 18 müň km aralygy geçip biljek bäş orunlyk gibrid uçary “Ranger” -i hödürledi.
Dikligine howa göterilip bilýän aerotaksi Nýu-Ýorkdan düşlemezden Awstraliýa çenli baryp biler.Howa taksisi “Star Wars”-dan filmindäki dikuçara meňzedilip dizaýn edilipdir. “Ranger”-iň dört motorynyň sekiz peri aýlamagy bilen dikligine göterilip bilýär.
Howada ganatlaryň uzynlygy 23 metre çenli açylyp, iki sany turboprop hereketlendirijisi bilen keseligine hereket edýär.Howa taksisiniň uçýan aralygy iň uzak aralyga çenli “Airbus A380” howa gämisinden (14,800 km) hem köp. “Ranger”-iň uçuş beýikligi bary-ýogy 3 km bolup, sagatda 820 kilometre çenli tizlik bilen uçup biler.
22 sagatlap uçup bilýän howa gämisiniň ýolagçylary özlerini adaty uçardaky ýaly duýarlar. Şeýle hem uçaryň dik däl-de adatty uçar ýaly uzyn uçuş-gonuş zolagyna hem gonup bilýändigi mälim edildi.
Döwletýar Gurbanow, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň talyby.