Ýeriň ýagtylyk çeşmesi

Gün Ýeriň ýagtylyk we ýylylyk çeşmesidir. Geliň, bu äpet asman jisimini has ýakyndan tanalyň!

Akmaýanyň ýoly galaktikasynda jemi 200 milliard ýyldyz bolup, şolaryň biri hem Gündür.

Milliardlarça ýyldyzyň, planetalaryň we beýleki asman jisimleriniň emele getirýän toplumyna galaktika diýilýär. Iň uly galaktikadaky ýyldyzlaryň sany 3 trillion töweregi diýlip çaklanylýar. Her galaktikada, ortaça, 200-300 milliard ýyldyz bolýar.

Galaktikalaryň merkezinde ýyldyzlar bolup, olaryň töweregini yzygiderli aýlanýan gaz we bulutlar emele getirýär. Her bir ýyldyzyň daşynda bolsa planetalar we beýleki asman jisimleri bolýar.

Biziň planetamyzyň ýerleşýän galaktikasyna Akmaýanyň ýoly diýilýär. Beýleki uly galaktikalarda bolşy ýaly Akmaýanyň ýolunda hem merkezdäki ýyldyzlar has uly ýaşly, olaryň reňki gyzyl we sary. Çetki ýyldyzlar has gyzgyn we gök reňkli bolýar.

Günüň ýüzündäki gyzgynlygyň 5500 derejedigi çaklanylýar.

Gün şöhlesi Ýere 8 minutdan gowrak wagtda gelip ýetýär. Şol sebäpli ir bilen Günüň dogan wagty oňa seretseňiz, gözüňizi gamaşdyrmaz. Sebäbi ony görýän hem bolsaňyz, Ýere gelip ýetmändigi üçin onuň şöhlesi gözüňi gamaşdyrmaýar.

Gün şöhlesi günorta çagy Ýere has dik düşýär. Şol sebäpli gündiz howa yssy bolýar. Bu döwürde mümkin bolsa, daşaryk çykmaly däl.

Planetalar Günüň daşyndan we öz okunyň daşyndan yzygiderli aýlanýarlar. Bu ýagdaý pasyllaryň we gije-gündiziň emele gelmegine sebäp bolýar.

Yssy howada daşaryk çykylanda, açyk reňkli, ýeňli egin-eşikleri geýmeli. Başgap geýmegi unutmaly däl.

Günden çykýan energiýanyň 2,2 milliarddan biri Ýere gelip ýetýär.

Günüň 72 sagadyň dowamynda ýaýradýan energiýasy Ýerdäki ähli nebit-gazyň öndürjek energiýasyna deňeçerdir.

Orta ululykdaky ýyldyz hasaplanýan Gün bu ulgamdaky asman jisimleriniň massasynyň 99,8 göterimini emele getirýär. Galan 1,2 göterimini Günüň daşyndan aýlanýan planetalar, asteroitler, meteoritler, planetalaryň hemralary we beýleki ululy-kiçili asman jisimleri emele getirýär.

Günüň adam saglygy üçin peýdasy uludyr. Alymlar Gün şöhlesinde D witamininiň bardygyny belleýärler. Şol sebäpli howa yssy bolmadyk wagtda daşarda, açyk howada gezelenç etmegi unutmaň!

Ýene degişli makalalar

Asmana sereden mahalymyz ýyldyzlaryň ýerine emeli hemralary görerismi?
Goşa galaktika tapyldy
Biler bolsaňyz!..