Halkara ylmy komitetiň düzümine giren Korolýowa adyndaky Samara barlag uniwersitetiniň ylmy işgärleri Ýeriň orbitasyndaky has howply jisimleriň sanawyny düzdüler we tassykladylar. Bu barada hususy çeşmesine salgylanyp, evo-rus.com habar berýär.
Hünärmenleriň belleýşi ýaly, planetamyzyň ýakyn orbitasyndan öwrenilen “zibil” jisimlerini ýok etmek kosmosy özleşdirmek meselesinde esasy wezipedir.Häzirki wagtda kosmos tehnikasynyň sarp edilen elementleri ýa-ha atmosferada ýakylýar, ýa-da howpsuz orbitalara äkidilýär. Şeýle-de bolsa, ulanmak üçin amatly orbitalarda, alymlaryň habar bermegine görä, henizem 25 müň töweregi uly obýektler we sekuntda 15 km çenli tizlik bilen hereket edýän millionlarça ownuk bölekler bar. Şeýle obýektleriň biri-biri bilen we işjeň hemralar bilen çaknyşmagy meseläniň ulalmagyna getirýär.
Alymlar orbitada elli sany has howply obýektleriň bardygyny, olaryň 37-siniň agramynyň 2 tonnadan gowrakdygyny, şeýle galyndylaryň 80 göteriminiň raketa korpuslarydygyny anykladylar. Çaknyşyk howpuny aradan aýyrmak üçin bu obýektleriň esasy bölegini howpsuz orbitalara, mysal üçin, kosmos gämilerini ulanmak bilen geçirmek gerek diýip, alymlar hasaplaýarlar.