Ýerewandaky Protest Aksiýalarynda 151 Adam Saklandy

Ýerewandaky Protest Aksiýalarynda 151 Adam Saklandy

Ermenistanyň İçeri işler ministrliginiň metbugat wekili saklananlaryň Adminstratiw etmişler kodeksiniň polise garşylyk görkezmek hakyndaky 182-nji maddasyna laýyklykda polis merkezlerine alynyp gidilendigini beýan etdi. Saklananlaryň degişli proseduralaryň tamamlanmagyndan soň boşadylmagyna garaşylýar.

Ozal Ýerewanda geçirilen mitingde Ermeni Asostolik buthanasynyň Tawuşdaky Ruhany merkeziniň ýolbaşçysy baş ýepiskop Bagrat Galstanýan Premýer-ministr Nikol Paşinýana bir sagadyň dowamynda wezipeden çekilmegi üçin ultimatum beripdi.

“Paşinýanyň häkimiýeti mundan beýläk güýçsiz” diýen Galstanýan, hökümeti ýurdy dolandyrmakda “doly başarnyksyzlykda”, “howpsuzlyk ulgamyny çökermekde” we “milli şahsyýetiň” esasyna zyýan ýetirmekde günäkärleýär.

Galstanýan ultimatumyň möhletiniň gutarmagyndan soň premýer-ministriň wezipeden çekilmegi üçin başga başlangyçlary etjekdiklerini aýtdy.

Häkimiýet başyndaky Jemgyýetçilik ylalaşygy partiýasy baş ýepiskopyň ultimatumlaryna jogap hökmünde beren beýannamasynda Paşinýanyň ýurduň saýlanan premýer-ministridigini ýatlatdy. Beýannamada “Ýaşasyn demokratik we özygtyýarly Ermenistan Respublikasy” diýilýär.

Azerbaýjan-Ermensitan serhetleriniň kesgitleniş tapgyry 22-nji aprelde başlady. Ermenistan şol çäkde Azerbaýjana 1990-njy ýyla çenli onsuz hem Azerbaýjan Sowet Respublikasyna degişlibolan Gazah welaýatyndaky 4 obany berdi.

Ýene degişli makalalar

Ysraýylly Ýesirleriň Hossarlary Tel-Awiwde Protest Aksiýasyny Geçirdi
Gresiýada NATO Garşy Protest Aksiýasy Geçirildi
Gruziýada Protest Aksiýalary Dowam Edýär
Toý hyzmatlaryny guraýan Ak kepderi kärhanasy uly aksiýa yglan edýär
NG Kutahya dükanynda ähli önümlere 50%-e çenli arzanladyş yglan edildi
Hoş Syýahat türk awiakompaniýasynyň peteklerini satyn alanlara sowgat berýär