Ýerewanda Ýewraziýa ykdysady forumy geçer

Ýerewanda Ýewraziýa ykdysady forumy geçer

Ermenistanyň paýtagtynda 30-njy sentýabr 1-nji oktýabr aralygynda Ýewraziýa ykdysady forumy geçer. Bu barada forumyň metbugat gullugyna salgylanýan Report habar berdi.

Forum Ýewraziýa hökümetara geňeşiniň ýygnagyna gabatlanyp, Ýewraziýa ykdysady forumynyň on ýyllyk işiniň jemlerine, geljegine we onuň ösüşiniň wajyp ugurlaryna bagyşlanar.

Forumyň maksady Ýewraziýa giňişliginde kooperasiýa gatnaşyklarynyň kämilleşdirilmegidir. Oňa iri, orta we kiçi işewürligiň, birleşigiň ýurtlarynyň döwlet edaralarynyň, şeýle-de üçünji ýurtlaryň ýolbaşçylarynyň, Ýewraziýa ykdysady forumy bilen bilelikde işleşmegiyzmatdaşlygyň ösüşine gyzyklandyrma bildirýän halkara guramalaryň wekilleriniň gatnaşmagyna garaşylýar diýlip, habarda bellenýär.

Forumyň maksatnamasynda 30-dan gowrak çäre, şol sanda Häzirki zaman şertlerinde sanlylaşdyrmak dört azatlygy üpjün etmegiň hereketlendirijisi ady bilen gurama girýän ýurtlaryň Hökümet baştutanlarynyň gatnaşmagynda plenar maslahat göz öňünde tutulýar.

Ýene degişli makalalar

Ýewraziýa döwletleriniň gün-tertibindäki möhüm wakalar
Ermenistan Serhetlerini Rus Goşunlarynyň Goramagyndan Biynjalyk
16 ýaşly aýdymçy gyz Ermenistanyň rekordlar kitabyna girdi
Ermenistanda Hökümete Garşy Geçirilýän Ýörişler Dowam Edýär
ÝDU Ýerewanda Magtymguly adyndaky Türkmen dili merkezini döretmek başlangyjyny öňe sürdi
Ýewraziýa  Döwletleriniň Gün Tertibindäki Wakalar