Ýerewanda türkmen-ermeni gepleşikleri geçirildi

Ýerewanda türkmen-ermeni gepleşikleri geçirildi

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we Ermenistanyň prezidenti Serž Sargsýan Ýerewanda ýokary derejede geçirilen gepleşikleriň netijeleri boýunça žurnalistleriň öňünde çykyş etdiler. Berdimuhamedow Ermenistana 23-nji awgustda resmi sapara bardy.

Gurbanguly Berdimuhamedowyň sözlerine görä, taraplar halkara howpsuzlygyna wehim salýan howp-hatarlara, şol sanda terrorçylyga, transmilli jenaýatçylyga we neşe maddalarynyň bikanun dolanyşygyna garşy göreş babatynda tagallalary mundan beýläk hem jebisleşdirmek barada ylalaşdylar.

Şeýle-de ol bu duşuşygyň söwda-ykdysady gatnaşyklaryň esasyny pugtalandyryp, ony täze, has depginli hyzmatdaşlyk derejesine çykarandygyny belledi. Söwda, energetika, transport we aragatnaşyk, oba hojalygy, dokma senagaty pudaklaryndaky hyzmatdaşlyk, biznes gurluşlarynyň arasyndaky göni gatnaşyklary ösdürmek ileri tutulýan, geljegi bolan ugurlar hasaplanýar.

Berdimuhamedow ermeni kärdeşini Aşgabatda geçjek Aziýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşmaga çagyrdy.

Bu prezident Berdimuhamedowyň Ermenistana ikinji sapary bolup, şu aýyň başynda Azerbaýjana eden saparynyň yz ýanyna gabat geldi.

Mundan öň ol Ýerewana 2012-nji ýylyň noýabrynda sapar etdi we sapar netijesinde ençeme hökümetara dokumente gol çekildi, şol sanda iki ýurduň arasynda howa gatnawyny ýola goýmak, ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk we oba hojalygy ugrundan hyzmatdaşlyk etmek barada ylalaşyk baglaşyldy.

Emma resmi habarda öňki baglaşylan ylalaşyklaryň netijeleri, şol sanda iki ýurduň arasyndaky söwda dolanyşygynyň jemleri barada maglumat berilmeýär.

Bellemli ýeri, ermeni mediasy Ermenistanyň premýer-ministriniň 28-nji martda türkmen hökümet agzalary bilen geçiren gepleşiklerinde türkmen tarapynyň Ermenistanyň harytlarynyň importyny, howa gatnawyny guramalaşdyrmaga we Ýerewan aeroportuny tranzit zona hökmünde ulanmaga isleg bildirendigini habar berdi.

TDH-nyň maglumatyna görä, türkmen delagasiýasynyň wekilleri häzirki saparda ermeni kärdeşleri bilen duşuşyp, türkmen-ermeni hyzmatdaşlygynyň mundan öň baglaşylan ylalaşyklary, öňde boljak gepleşikler we gol çekmäge taýýarlanylýan täze dokumentler barada maslahat etdiler.

Hususan-da taraplaryň söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyny ýygjamlaşdyrmaga gyzyklanma bildirýändigi, döwlet we telekeçilik düzümleriniň yzygiderli işewür duşuşyklaryna ähmiýet berilýänidigi bellenilýär.

Maglumat üçin aýdylsa, 1990-njy ýyllarda Türkmenistan Ermenistanyň esasy gaz üpjünçileriniň biri bolupdy. Emma ermeni hökümeti Russiýanyň “Gazprom” kärhanasy bilen şertnama baglaşyndan soň ýagdaýlar üýtgedi. Häzir “Gazprom” Ermenistanyň gaz harajatlarynyň 80% töweregini üpjün edýär.

Şu aralykda, şu ýylyň ýanwarynda çykan habarlara görä, ýyl başynda Ýerewanda türkmen we eýran wekilleriniň gatnaşmagynda özara umumy, şol sanda energiýa üpjünçilik proýektleri barada maslahat edildi.

Ermenistanyň premýer-ministri Karen Karapetýan Türkmenistanyň we Eýranyň ilçileri, degişlilikde Muhammetniýaz Maşalow we Saýed Kazem bilen duşuşyp, üç taraplaýyn hyzmatdaşlygy we ykdysady gatnaşyklary artdyrmagyň ýollaryny maslahat etdi diýip, habarda aýdylýar.

“Biz Ermenistan-Eýran-Türkmenistan üç taraplaýyn hyzmatdaşlygyny ýola goýmaga gyzyklanma bildirýäris. Biziň öz ýurtlarymyzyň arasyndaky söwda dolanyşygyny artdyrmaga mümkinçiligimiz bar” diýip, ermeni premýer-ministriniň edarasy aýtdy.

Bu maslahatda gepleşikleriň energiýa üpjünçilik meselelerine gönükdirilendigi nygtalyp, umumy iş toparyny döretmek we anyk programmalar dogursynda gepleşik geçirmek barada ylalaşylan hem bolsa, Ermenistan bilen umumy serhedi bolmadyk Türkmenistanyň energiýa üpjünçilik proýektlerine haýsy ugurdan goşuljagy aýdyňlaşdyrylmady.

Mundanam başga, halkara energiýa eksperti Jon Roberts şonda bu gepleşiklerde türkmen gazyny Eýranyň üstünden Ermenistana ýaňadandan eksport etmek barada gürrüň gozgalan bolsa, muňa häzir Eýran bilen Türkmenistanyň arasynda dörän gaz dawasy böwet bolup biler diýen pikiri öňe sürdi.

Türkmen-ermeni taraplarynyň arasyndaky medeni-ynasanperwer gatnaşyklar barada aýdylanda, Berdimuhamedow Ermenistana ilkinji sapary mahalynda Onuň merhemetlisi Ýokary patriarh we ähli ermenileriň katalikosy Garegin II tarapyndan hem kabul edildi.

Şonda ermeni ruhanysy Türkmenistanyň prezidentine Türkmenbaşy şäherindäki ýarym ýykyk ermeni ybadathanasyny dikeltmek baradaky haýyş bilen ýüzlendi. Ol ybadathananyň dikeldilmeginiň Türkmensitandaky ermeni jemagatynyň kadaly ýaşamagyna ýardam etjekdigini we iki ýurduň arasyndaky dinara dialogy baýlaşdyrjakdygny nygtady.

Prezident Berdimuhamedow bu haýyşdan soň öz hökümetine bu meselä seretmegi hem-de oňyn çözgüt tapmagy tabşyrdy. Emma azatlygyň ýerli çeşmesi Türkmenbaşydaky ermeni ybadathanasynyň ýarym-ýalta dikeldilendigini aýdýar.

Türkmenistan bilen Ermenistanyň arasyndaky diplomatiki gatnaşyklar 1992-nji ýylyň oktýabrdynda ýola goýuldy. Ermenistanyň prezidenti Serž Sargsýan Türkmenistanda 2010-njy ýylyň noýabrynda we 2014-nji ýylyp arpelinde saparda boldy.

Ýene degişli makalalar

Ermenistanyň bazarynda “Türkmenistanda öndürilen” önümlere gyzyklanma artýar
30-njy ýanwarda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
6-njy dekabrda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
19-njy ýanwarda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
2023-nji ýyl Ýewraziýa döwletleri taýdan nähili geçdi
Şu minuda çenli Turkmenportal-yň esasy habarlary
ÝDU Ýerewanda Magtymguly adyndaky Türkmen dili merkezini döretmek başlangyjyny öňe sürdi