
Ermenistanyň paýtagtynda Kollektiw Howpsuzlyk Ylalaşygy Guramasynyň agza ýurtlarynyň DIM-leriniň başlyklary, goranmak ministrleri hem-de Howpsuzlyk Geňeşleriniň sekretarlary duşuşdylar diýip, MIR 24 habar berýär.
Gurama Russiýa, Ermenistan, Belarus, Gazagystan, Gyrgyzystan we Täjigistan girýär, bu ýyl oňa Ermenistan başlyklyk edýär, geljek ýyl başlyklyk Belarusa geçer.
Sammitiň açylyş dabarasynda çykyş eden Ermenistanyň Premýer-ministri Nikol Paşinýan guramanyň täze baş sekretarynyň Gazagystanyň wekili Imangali Tasmagambetowyň boljakdygyny habar berdi. Imangali Tasmagambetow 2023-nji ýyldan başlap, üç ýyllyk möhlet bilen guramanyň baş sekretary wezipesini ýerine ýetirer.
Paşinýanyň aýtmagyna görä, guramanyň häzirki başlygy Stanislaw Zas özüniň bu wezipedäki üç ýyllyk işini tamamlaýar. Ermenistanyň hökümet başlygy oňa bitiren hyzmaty üçin minnetdarlyk bildirdi.
Ýeri gelende aýtsak, Tasmagambetow tejribeli gazak syýasatçysydyr.Ol geçen asyryň 90-njy ýyllarynda ýurduň ilkinji Prezidenti Nursultan Nazarbaýewiň kömekçisi bolup işledi, soňra Premýer-ministriň wezipesini eýeledi.Prezidentiň diwanyna ýolbaşçylyk etdi.
Döwlet sekretary, Almaty we Astana şäherleriniň häkimi, Gazagystanyň goranmak ministri, Premýer-ministriň orunbasary, ýurduň Russiýadaky adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi boldy. 2019-njy ýylyň ahyrynda pensiýa ýaşynyň dolmagy bilen baglylykda eýeleýän wezipesinden boşadyldy.
Guramanyň bu gezekki sammitine şeýle-de Belarusyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko we Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew gatnaşdylar. Sammitde çykyş eden Gazagystanyň Prezidenti öz ýurdunyň guramanyň agzasy bolan hyzmatdaşlary bilen dostluga, hoşniýetli goňşuçylyga we özara bähbitlilige esaslanýan ugry dowam etjekdigini nygtady.