2019-njy ýyl ekologiýa babatda ähmiýetli Çölleşmäge garşy göreş boýunça konwensiýanyň kabul edilmegi bilen baglanşykly ýyldyr. 1994-nji ýylyň 17-nji iýunynda çölleşmegi bökdemek işleri boýunça halkara resminamasy kabul edildi, suwarymly hasylly ýerleri saklap galmak boýunça ählumumy herekete bolsa 25 ýyl doldy. 2019-njy ýylyň Çölleşmäge hem-de guraklyga garşy göreşiň bütindünýä gününiň “Geljegi bilelikde kemala getireliň” temasy daşky gurşawy we ekologiýa ulgamynyň bütewiligini goramak işinde tagallalary birleşdirmäge çagyryşy beýan edýär.
Mysal üçin, Garagumyň ekoulgamy ösümlik we haýwanat dünýäsiniň dürli düzümlerinden ybaratdyr.Topraklaryň, ösümlikleriň we suwlaryň guratlygy şeýle aýrybaşga ekologiýa bileleşikleriniň durmuşa ukyplylygynyň wajyp şertidir. “Çölleşme” adalgasy önümçilikli çöllük meýdanlary häsiýetlendirmeýär.
Ol tebigy we antropogen ýagdaýlar sebäpli derde ýaramaýan hojalyk işlerinde peýdalanylan ýerler babatda ulanylýar. Şu jähtden çölleşmäge garşy göreş zaýalanan ýerleri dikeltmegi, sürümli ýerleri hasyl berýän derejä ýetirmegi, tebigy örüleri hojalyk dolanşygyna gaýtadan goşmagy, suwly-batgalyk ekoulgamy guratlamagy göz öňünde tutýar. Çöller, ösümlik we haýwanat dünýäsi milli instituty (ÇÖHDMI) çölleri öwrenmekde we özleşdirmekde Merkezi Aziýa sebitinde öňdebaryjy ylmy edaradyr.
Institutda ýurdumyzyň daşky gurşawy goramak başlangyçlaryny goldamak, halkara ekologiýa hyzmatdaşlygyny giňeltmek boýunça ylmy-amaly işler ýerine ýetirilýär.Institutyň işläp taýýarlaýan maslahatlarynyň aglaba bölegi göçýän gum depelerine ösümlikleri ekmäge, çölüň jülge etek ýerlerinde tokaýlary kemala getirmäge, öri meýdanlarynyň batgalyga öwrülmeginiň öňüni almaga we olaryň iýmliligini ýokarlandyrmaga degişlidir. Ýerleriň ýaramazlaşmagyna emeli hemralardan gözegçilik etmekde, çölde suwaryş akabalaryny, demir we gara ýollary gurmakda, topragyň şoruny aýyrmak üçin galofit ekinleri ýetişdirmekde we maldarçylygyň iýmlik binýadyny giňeltmekde tejribe toplanyldy. ÇÖHDMI-de sil suwlaryny toplamak, takyrlarda sardoblary abadanlaşdyrmak, zeýkeş-zeýakaba suwlarynda ýabany hoz miweli ösümlikleri ýetişdirmek boýunça işler ýerine ýetirildi.
Daşky gurşawyň bioköpdürlüliginiň ýagdaýyna gözegçilik, döwlet tebigy goraghanalarynyň işiniň ylmy esaslaryny taýýarlamak hem institutyň alyp barýan esasy işleriniň bir ugrydyr. Ýarym asyrdan gowrak wagt bäri ÇÖHDMI-niň howandarlygynda “Çölleri özleşdirmegiň meseleleri” atly Halkara ylmy-amaly žurnal neşir edilýär, Ýewraziýanyň dürli ýurtlaryndan çöl öwreniji alymlar, geografiýaçylar, biologlar, geobotanikler onuň redaksiýa geňeşiniň agzalarydyr we awtorlarydyr.
Türkmenistanyň Oba hojalygy we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Çöller, ösümlik we haýwanat dünýäsi milli institutynyň direktorynyň orunbasary, biologiýa ylymlarynyň kandidaty Pirli KEPBANOW çölleşmäge garşy durmak işleriniň ähmiýeti barada şeýle gürrüň berýär: - Howanyň üýtgemegi we guraklaşmagy şertlerinde çölleşmek hem-de gurakçylyk häzirki wagtda ýurtlaryň köpüsi üçin iň wajyp meseledir.
Biziň sebitimizde biologlaryň we klimatologlaryň ünsüni çekýän sebit bar.Ol Aral deňziniň sebitidir, indi çärýek asyr wagt bäri Merkezi Aziýa ýurtlary Araly halas etmegiň Halkara gaznasy derejesinde onuň ekologiýa we durmuş-ykdysady ýagdaýyny gowulandyrmak boýunça işler alnyp barylýar, häzirki wagda Türkmenistan gazna başlyklyk edýär.
Türkmen Lideriniň başlangyjy bilen “Birleşen Milletler Guramasy bilen Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň arasynda hyzmatdaşlyk” Kararnamasynyň kabul edilmegi Aral meselesini çözmekde ýurdumyzyň eýeleýän oňyn ornuna şaýatlyk edýär.BMG bilen AHEHG-niň arasyndaky özara hereket üçin hukuk binýadyny döredýän resminamada geçen ýylyň 24-nji awgustynda “Awaza” Milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen AHEHG-ni dörediji döwletleriň baştutanlarynyň Sammitiniň netijeleriniň goldanylýandygy beýan edilýär we Aral sebitiniň ýurtlary üçin BMG-nyň Ýörüte maksatnamasyny döretmek mümkinçiligi göz öňünde tutulýar. Çölleşmäge garşy göreşiň ýene bir möhüm ugry ýurtda amala aşyrylýan tebigy we emeli tokaýlaryň sanawyny geçirmekdir, oňa institutyň işgärleri-de çekildi.
Alymlar tebigy obýektleri goramak, dürli toprak-howa zolaklaryndaky boş ýatan ýerlere nahallary ekmek, özleşdirilen çöl ýerlerde agaçlary oturtmak boýunça maslahatlary taýýarladylar.Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan emeli tokaýlar, olary ýangyn howply döwürde goramak üçin geçirilýän çäreleriň möçberi, dag eteklerinde garyşyk pürli-ýaprakly tokaýlary döretmek we Eldar sosnasy ekilen meýdanlaryň möçberi babatda goňşy ýurtlaryň arasynda öňde barýar.
Agaç ekmek tebigata tebigy we netijeli kömek hökmünde adamyň edip biljek işidir.Soňky maglumatlara laýyklykda, ýurdumyzda emeli tokaýlar 105 müň gektar meýdany tutýar.Institutymyzyň alyp barýan wajyp işleriniň ýene biri-de “Altyn asyr” Türkmen kölüniň zeýkeşler ulgamynyň çäklerinde kemala gelýän ekoulgamy öwrenmekdir.
Suwlardan şeýle peýdalanmagyň bu usulynyň deňi-taýy ýokdyr, ýurdumyz we Merkezi Aziýa sebiti üçin bu özboluşly suw desgasynyň ähmiýeti ulydyr.Munuň özi suw serişdelerinden rejeli peýdalanmagyň we çöllük ýerlerde täze ýer toplumlarynda hojalyk işini ýöretmegiň gymmatly nusgadydyr.
Ençeme ýyl bäri Türkmen kölüniň geobotaniki barlaglaryny geçiremsoň, bu ýerlerde köp bolýanlygym sebäpli ýurduň bu sebitiniň diňe bir ummasyz durmuş-ykdysady mümkinçilige eýe bolman, eýsem ekosyýahatçylygy ösdürmek babatda-da özüne çekijidigini hem belläsim gelýär.