Ýerde ýaşan tirannozawrlaryň umumy sany anyklandy

Ýerde ýaşan tirannozawrlaryň umumy sany anyklandy

Germaniýanyň Maýndaky Ýohannes Gutenberg uniwersitetiniň alymlary Ýerde tirannozawrlaryň (Tyrannosaurus rex) näçesiniň ýaşandygyny anyklamaga mümkinçilik berýän kompýuter nusgasyny işläp düzdüler. Barlaglaryň netijelerine görä, olaryň sany 1,7 milliarda deň bolupdyr.

2021-nji ýylda Berklidäki Kaliforniýa unuwersitetiniň alymlary olaryň sanyny 2,5 mlrd diýip hasaplapdylar. Amerikan alymlaryň pikiriçe, tirannozawrlaryň her bir nesli 20 müň başdan ybarat bolupdyr, bu görnüşiň wekilleriniň Ýerde ýaşan döwri olaryň 125 müň nesli çalşypdyr we bu umumy alnanda, 2,5 millard baş diýmekdir.

Emma täze ylmy-barlaglaryň awtorlary öz kärdeşleriniň tirannozawrlaryň köpelişine we ýaşamaga ukyplylygyna ýokary baha berendiklerini belleýärler. Olaryň pikiriçe, bu ýyrtyjylar häzirki zaman guşlary we süýrenijileri ýaly bolupdyrlar. Germaniýaly alymlaryň pikiriçe, ýyrtyjylaryň her nesli 19 müňden ybarat bolup, olaryň bary-ýogy 90 nesli ýaşap geçipdir. Netijede, olaryň sany 1,7 milliarda deň bolupdyr.

Emma tirannozawrlaryň namüçin häzire çenli ujypsyz galyndylarynyň ele salnandygy syr bolmagynda galýar, german barlagçylarynyň pikiriçe, olaryň galyndylarynyň bary-ýogy 0,0000002 göterimi palentologlar tarapyndan gazylyp alnypdyr diýip, Palaeontology neşirine salgylanýan MIR 24 ýazýar.

Ýene degişli makalalar

“Bawariýanyň” ýeňlişsiz ýörişini koreýaly Son soňlady
Kras-Logistics Türkmenistanda şahamçasyny açmagy meýilleşdirýär
Türkmenistan awiakompaniýasy halkara uçuşlaryň häzirki tertibini hödürledi
Türkmenistan awiakompaniýasy tomusky tertibe geçýär
Türkmenistan iň arzan benzinli ýurtlaryň sanawynda 7-nji orny eýeledi, Tölegde AŞTU-nyň hyzmatlaryny tölemek mümkinçiligi döredildi, Nazir Habibowyň täze albomy we beýleki habarlar
Türkmenistan awiakompaniýasy Aşgabatdan halkara ugurlara boljak uçuşlaryň täze tertibini hödürledi