Ýerasty uglerod ammaryny gurar

Germaniýada ýerasty uglerod saklaýan desgalar gurlar.Howanyň maýlamagynyň öňüni almak bilen bagly durmuşa geçiriljek şeýle taslamalar üçin geljek ýyl täze kanunyň teklip edilmegine garaşylýar. Ýurduň ykdysadyýet ministri Robert Habek ýerasty uglerod ammarynyň gurulmagyna mümkinçilik bermäge degişli kanunyň taslamasynyň parlamente hödürlenjekdigini belledi. Şeýle hem ýurtda uglerodyň bölünip çykarylmagyny azaldan himiýa we polat önümçiligi ýaly köp energiýa talap edýän edara-kärhanalaryň uglerody azaldan ýagdaýynda 15 ýyllyk ýeňillikleriň döredilmegi hem göz öňünde tutulýar.

Häzirki wagtda howadaky uglerody tutýan we ony gaýtadan işländen soňra senagatda ulanýan tehnologiýa işlenip taýýarlanýar. Bu tehnologiýa önümçilikde kömürturşy gazynyň howa goýberilmezden tutulmagyny üpjün edýär. Soňra bolsa, bu uglerody gazly içgileriň önümçiliginde, ýyladyşhanalaryň hasyllylygyny ýokarlandykmakda peýdalanyp bolýar. Kömürturşy gazynyň şeýle tehnologiýa arkaly howa goýberilmeginiň öňüniň alynmagynyň daşky gurşaw üçin peýdaly boljakdygy bellenilýär.

Jeren Hudaýnazarowa, Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby

Ýene degişli makalalar

Mugallymlaryň we talyp ýaşlaryň konserti
Dalaşgärleriň dykgatyna!
Geljekde şäheriçi gatnaw nähili bolar?
Üç gatly uçar tanyşdyryldy
Mylaýym alpakalar
Garpyz şekilli gurçuk