Ýeralma barada gyzykly maglumatlar

Adamzat taryhynda iň gowy oýlap tapyşlaryň biri bolan lift geçmiş bilen täze döwrüň tehnologiýasyny birleşdirýär. Liftiň döwrebaplygy we bu enjamyň häsiýetli aýratynlyklary ýylyň-ýylyna ösdürilýär, täzeçe görnüşde işlenip düzülýär. Liftdäki aýratynlyklaryň biri hem ýolagçylara niýetlenen ýüz görülýän aýnanyň bolmagydyr. Eýsem, näme üçin ýokarky gatlara adamlary we ýükleri daşaýan bu enjamda aýna goýulýarka?

Köpimiz lifte girenimizde bu enjamyň diwaryndaky aýna seredýäris, saçymyza timar berýäris, üst-başymyzy düzedýäris. Ýöne liftdäki aýna bu sebäplere görä goýulmandyr.

Käbir adamda ýapyk we dar ýere girende, garaňkyda, uçarda, metroda gorky alamatlary peýda bolýar. Bu gorky klaustrofobiýa diýlip atlandyrylýar. Klaustrofobiýadan ejir çekýän adamlar lifte münmekden, tunnele girmekden, otly ýa-da metro bilen bir ýere gitmekden gaça durýarlar. Liftiň gapysynyň açylanda gijikmegi, liftiň çyrasynyň öçmegi klaustrofobiýa gorkusyny has-da güýçlendirýär.

Klaustrofobiýa nädip döreýär?

Alymlar klaustrofobiýanyň sebäbini çagalyk ýyllarynda kelleden şikes almak, bir otagda saklanmak, garaňky otagda gulplanyp galmak ýaly hadysalar bilen düşündirýärler.Bu gorkyny ýeňmek üçin lifte köpräk münmeli.Lifte ýeke münmekden gorkýan bolsaňyz, başga adamlaryň gelerine garaşyp, bilelikde münmeli.

Lift baradaky oňaýsyz pikirlerden daşlaşyp, liftiň amatly we oňaýly taraplary barada pikir etmeli.Köp gatly jaýlarda hereket edýän bu enjamyň adaty bir hojalyk serişdesidigine düşünmeli.

Lift öndürijileriň çözgüdi

1950-nji ýyllarda liftiň tizligi we içki bezegi kämilleşdirilip, häzirki görnüşe getirilýär. Öň haýal hereket edýän liftler, indi binanyň ýokarky gatyna derrew barmaga mümkinçilik berýär. Inženerler dar ýerde birnäçe minutlap köpçüligiň içgysgynç ýagdaýda gitmezliginiň öňüni almak üçin liftiň diwarlarynda aýna goýmaly diýen karara gelýärler. Tizliginiň ýokarlanmagy we aýna goýulmagy öý ulagynda ýetilen iň gowy çözgüt hasaplanýar.

Käbir liftiň içinde ýekeje aýna bar bolsa, käbiriniň içi tutuşlygyna aýna bilen örtülýär.Aýna liftiň içini giň görkezip, has köp ýolagçy barýan ýaly duýgyny başdan geçirmäge, ünsi sowmaga mümkinçilik berýär.

Soňky ýyllarda söwda merkezlerinde ulanylýan liftleriň köpüsiniň gabarasy aňyrsy görünýän aýnadan ýasalyp, ýolagçylaryň daş-töweregi synlap gitmegine şert döredýär.Umuman, liftdäki aýna adamyň özüni rahat we howpsuz duýmagyna, üst-başyna serenjam bermegine ýardam edýär.

Ýene degişli makalalar

Ak Ýol toý mekanynyň dijeýi ýaşlaryň ilkinji tansy üçin 10 aýdymy maslahat berýär
Ýankompýuterlerini tanyşdyrdy
Ýüzlerçe alym gol ýygnady: Emeli intellekti duruzyň
Alymlar emeli intellekt modelleriniň özgerdilmegindäki bäsdeşligiň howplar barada duýduryş berdiler
Ruslan Mingazow Gonkongyň çempionatynda aýyň iň gowy oýunçysy saýlanyldy
Berhiz lukmany her gün iýmeli däl önümleri sanady