Ýerajy çäkli goraghanasynyň biologik ulgamynyň, şeýle hem onuň golaýyndaky Gündogar Garagumyň kemala gelşiniň özboluşly taryhy bar.Ilkibaşda gadymyýetde ol toýun çökündili we gara sazakly şor gurak çöketlik bolupdyr.
Suwarymly ekarançylyk üçin bu ýerleri suwlylandyrmak barada çözgüt kabul edilenden soň bu töwerege kollektordan Amyderýanyň suwy gelip başlaýar. Şeýlelik bilen çölüň jümmüşindäki gurak şor oýda kemala gelen howdan bu sebitiň landşaftynda hem-de ösümliklerdir haýwanat dünýäsinde düýpli özgertmeler döretdi.
Amyderýanyň organika baý suwunyň gelmegi bilen çölde täze ösümliklerdir jandarlar zerreje bir öýjükli baktariýalardyr, suw ösümlikleri we ýönekeýje fito- we zooplankton, fito- we zoobentos, perifitondan başlap, hordaly haýwanlara, balyklara ýerde-suwda ýaşaýan jandarlara, süýrenjilere, guşlara we süýdemjirilere iým bolan köp öýjükli boşiçegeýalylar, bognaýaklar, mollýusklar peýda boldy.
Howdanda suwuň düýbünde we suw gatlaklarynda ýaşaýan: teňňebalyk, ýylankelle, ak çapak, taran, akmarka ýaly balyklar mekan tutdy. Ördekleriň, çuluklaryň, çarlaklaryň, çerekleriň, uly we kiçi jübtinlleriň, Gyzyl kitaba girizilen süti ýaly hinlerde uşak balyklaryň süňkünden höwürtge edinip, ýumurtga taşlap, jüýjelerini ýetişdirýän balyk bilen iýmitlenýän guşlara-da ýetik iým tapylýar. Şu ýylyň maý aýynda suwda-batgada ýaşaýan guşlaryň 13 görnüşi, şol sanda Gyzyl kitaba girizilen akgöz çümgül ördek, aňk, ýaşylbaş we gyzylçüňk çümüji ördek hasaba alyndy.
Olaran iň köpi--93 jübti uly jübtin, az sanlylardan uly we kiçi tersaýak, suw towugy, jeňňellerde bolsa ýukaçüňk we jojokky sypatly gamyşçy bardy. Çäkli goraghanada ýazda guşlaryň 39 görnüşi bolan bolsa, ötegçi guşlaryň 82 görnüşi geldi, ýöne alymlaryň pikirne görä, bu entek aňryçäk görkeziji däldir.
Olary hasaba almak, şol sanda guşlaryň gyşlaýan döwrem amala aşyrylar. Ýerajy çäkli goraghanasyndaky guşlaryň sanawy, gury ýerde ýaşaýanlary hem hasaba alnanda 14 topardan 112 görnüşe barabardyr.Iýmitiň ýetikligi we gorag düzgüni bu ýerde seýrek hem-de Gyzyl kitaba girizilen gyzgylt we buýraly gotanyň, gyzylinjigiň, akgöz çümgül ördegiň, balykçy gyrgynyň we gajaryň peýda bolmagy üçin amatly şert döredýär.
Gündogar Garagumyň jümmüşinde ýerleşýän Ýerajy çäkli goraghanasynyň suwly-batgaly toplumy guşlaryň täsin Mekanyna öwrüldi, mundan beýlägem dürli sistemaly we biotopik toparly guşlaryň täzeden täze görnüşleri geler.Köp sanly guşlardan başga-da, güýz aýlary Gyzyl kitaba girizilen gunduz we ýerli şertlere uýgunlaşan Demirgazyk amerikan gemrijisi nutriý hem gözegçilige alyndy.
Geljekde Amyderýadan suw ösümlikleriniň we haýwanlaryň, şol sanda derýada iň gadymy döwürlerden bäri ýaşap ýörenleriniň, Gyzyl kitaba girizilen kiçi we uly pilburunlaryň gelmegi çaklanylýar.Repetek biosfera goraghanasynyň işgärlerine täze açyşlaryň garaşýandygyna şübhelenmese bolar.
Türkmenistanyň özboluşly tebigatynyň biologik köpdürlüligini goramak we öwrenmek ýaly asylly hem-de möhüm işde olara üstünlik arzuw edýäris.