Ýer ýüzüniň kindiwanja ýaşaýjylary

Ýer ýüzünde janly-jandarlaryň we ösümlikleriň müňlerçe görnüşi bar. Olaryň köpüsi biziň golaýjygymyzda ýaşaýan hem bolsa, olaryň bardygyndan habarymyz hem ýok. Käbir jandarlar bolsa şeýle bir kiçi welin, göreni haýrana goýýar. Ine, kiçi jandarlaryň we ösümlikleriň käbiri.

Kolibri.Bu guşlaryň birnäçe görnüşi bolup, esasan, Karib deňziniň töwereginde ýaşaýarlar.Iň kiçi görnüşine balary kolibrisi (latynça: Mellisuga helenae) diýilýär.Bu guşuň horazlary mäkiýanlaryndan birneme ulurak uzynlygy 6,1 santimetr, agramy 2,6 gram bolýar.

Mäkiýanlarynyň agramy 1,95 gram, uzynlygy 5,5 santimetr bolýar.Kolibriniň ähli görnüşiniň örän kiçidigine garamazdan, aşa çalt ganat kakýarlar we uçýarlar.Bu guşlar sekuntda 15-80 gezek ganat kakyp, ýüregi minutda 1260 gezek urýar.

Guşuň esasy özüne çekiji aýratynlygy howada saklanyp durup, uçup bilmegidir.Hatda olar howada wagty gülüň şiresini sorup iýmitlenýärler. Şeýle-de, bu guşlar yzlygyna we gapdallygyna hem uçup bilýärler.

Kolibrileriň peri örän ýalpyldawuk bolup, reňki we owadanlygy bilen özüne çekýär.Kolibriniň diňe Ýamaýkada duş gelýän Mellisuga minima atly görnüşiniň uzynlygy 1 santimetre, agramy bolsa 365 grama barabardyr.

Ýüpek maýmyny. Primatyň bir görnüşi bolan bu jandara girdenek oýunçy hem diýilýär. Bu jandaryň doglan wagtyndaky agramy bary-ýogy 15 grama ýetýär. Boýy 13 santimetre çenli ulalýan bu jandar kiçidigine garamazdan 5 metre çenli böküp bilýär. Guýrugynyň uzynlygy 20 santimetre ýetýän kiçijik maýmyn Peruda, Ekwadorda, Kolumbiýada, Boliwiýada we Braziliýada Amazonka tokaýlarynda duş gelýär.

Deňiz taýçanagy.Deňizlerde ýaşaýan bu jandaryň ululygy 16 santimetrden 35 santimetre ýetýän 40 töweregi görnüşi duş gelýär. Ýer ýüzüniň ähli ýerindäki tropik deňizlerde ýaşaýan bu jandar balygyň bir görnüşi hasaplanýar.

Bu jandaryň arkasynda hem-de döşünde ýüzgüçleri bolýar.Deňiz taýçanagynyň käbir görnüşleriniň içi, hatda aňyrsy görünýär we şol sebäpli akwariumlarda hem saklanýar.Gözlerini örän çaltlyk bilen öwrüp, daş-töwereginde bolup geçýän zatlary görüp bilýärler. Şeýle bolansoň, bu jandar suwotularyň arasynda gizlenip, öz awuny hem-de ýagysyny synap bilýär. Şeýle-de, egrelýän guýrugy arkaly suwotulardan ýapyşyp, deňiz akymynda saklanyp bilýär.

Togalak şekilli wolfiýa. Britan botanigi Wilýam Roksberg tarapyndan hasaba alnan bu ösümlik iň kiçi gülli ösümlik hasaplanýar. Suwda bitýän bu ösümlik Aziýada, Afrikada we Amerikada duş gelýär. Ösümligiň gülüniň ululygy 0,10,2 millimetr bolup, onuň güldügini gözüň bilen saýgarmak aňsat däl.

Ýene degişli makalalar

Kopa Amerikada argentinaly tälimçileriň ussatlygy
Kopa Amerika 2024-iň bijeleri çekildi, Argentina “A”, Braziliýa “D” toparçada çykyş eder
Braziliýanyň taryhynda ilkinji gezek
Amazon ýurtlarynyň ýygnagy
Argentina utuldy, Braziliýa deňme-deň oýnady
Argentina ýeňip bilmedi, Braziliýa soňky minutlarda ýeňiş gazandy