Güýç merkezi Kahramanmaraş bolan 7,7 we 7,6 bal ululygyndaky ýer titremesinden soň dünýäniň çar tarapyndan Prezident R. T. Erdogana duýgudaşlyk ýüzlenmeleri gelmäge dowam edýär.
Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Japarow, Prezident Erdogana telefon edip, ýer titremesinde ýogalanlar üçin gynanç bildirdi, ýogalanlaryň hossarlaryna sabyr, ýaralananlara şypa diledi.
Sadyr Japarow, Gyrgyzstanyň doganlyk ýurt Türkiýe bilen arkalaşykly hereket edýändigini we ähli taraplaýyn kömek bermäge taýardyklaryny aýtdy.
Alžiriň Prezidenti Abdulmejid Tebbun hem Prezident Erdogana telefon edip, ýer titremesi zerarly duýgudaşlyk bildirdi.
Tebbun, Alžiriň türk halkyna gynanç bildirýändigini we doganlyk Türkiýä ähli taraplaýyn goldaw bermäge taýardyklaryna ünsi çekdi.
Prezidentiň ýanyndaky Kommunikasiýalar edarasyndan berlen beýannama görä, ýer titremesi sebäpli Prezident Erdogana telefon eden Germaniýanyň Federal Kansleri Olaf Şols, Britaniýanyň Premýer-ministri Rişi Sunak, Gollandiýanyň Premýer-ministri Mark Rutte we Ermenistanyň Premýer-ministri Nikol Paşinýan hem apatda ýogalanlara rehnet, hossarlaryna gynanç, ýaralananlara şypa diledi.
Afrika ýurtlaryndan hem ýer titremesi zerarly goldaw we duýgudaşlyk ýüzlenmeleri gelmäge dowam edýär.
Sudanyň, Ugandanyň, Günorta Sudanyň, Çadyň we Mawritaniýanyň lideleri ugradan ýüzlenmeleri bilen ýer titremesinde ýogalanlar üçin gynanç bildirdi, ýaralananlara şypa diledi.