Ýer Titremesinde Ýogalanlaryň Sany Artýar

Kahramanmaşaryň Pazarjyk etrabynda 7,4 bal ululygynda ýer titremesi boldy.

Ýer titremesinde 76 adam ýogaldy, 440 adam ýaralandy.

Tebigy apatlar we adatdan daşary ýagdaýlar edarasy (AFAD) tarapyndan berlen beýannamada “76 raýatymyz ýogaldy, 440 raýatymyz hem ýaralandy. Kahramanmaraşdaky ýer titremesi Türkiýe wagty bilen 04.17-de, ýeriň 7 kilometr aşagynda boldy” diýildi.

Ýer titremesi 10-dan gowrak şäherde hem duýuldy.

Prezident R.T.Erdogan ýer titremesinden soň beren beýanatynda; “Kahramanmaraşda bolan we ýurdumyzyň ençeme welaýatynda duýulan ýer titremesinden zyýan çeken ähli raýatlarymyza geçdigi bolsun diýýärin” diýdi.

Prezidentiň orun basary Fuat Oktaý we käbir ministrler bolsa ýer titremesinden soň işleri AFAD-yň Utgaşdyryjy merkezinde utgaşdyrýar.

Ýene degişli makalalar

Siriýanyň demirgazygynda ýaralanan türk esger şehit boldy
Ýer Titremesinde Çekilen Adam Pidasynyň Sany Artýar
Ýer Titremesinde Ýogalanlarıň Sany 1541 Adama Ýetdi
Ýer Titremesinde Ýogalanlaryň Sany 284 Adama Ýetdi
Oktaý Bolgar Kärdeşi Bilen Duşuşdy
Fuat Oktaý Taýlandyň Daşary işler ministri Don Pramudwinai bilen duşuşdy