Ýer Titremesinde Ýogalanlaryň Sany 3 Müň 549 Adama Ýetdi

Ýer Titremesinde Ýogalanlaryň Sany 3 Müň 549 Adama Ýetdi

Güýç merkezi Kahramanmaraş bolan 7,7 we 7,6 bal ululygyndaky ýer titremesinde ýogalanlaryň sany 3 müň 549 adama ýetdi.

Prezident R. T. Erdogan, paýtagt Ankarada beren beýannamasynda “3 müň 549 raýatymyz ýogaldy, 22 müň 168 adam hem aýralandy. 8 müňden gowrak raýatymyz hem harabalygyň aşagyndan sag aman halas edildi” diýdi

Prezidentiň orunbasary Fuat Oktaý, daşary ýurtlardan 3 müň 294 adamlyk gözleg we halas ediş toparynyň gelendigini belledi.

Beýleki tarapdan Hataýyň Odabaşy etrapçasynda ýykylan binanyň harabalygyndan 30 ýaşyndaky Hülýa Ýylmaz bilen 6 aýlyk bäbejigi Aýşe Wera Ýylmaz 29 sagat soň sag aman halas edildi.

Hülýa Ýylmaz bilen gyzy Aýşe Wera hassahanda bejergi astyna alyndy.

Kahramanmaraşda harabalygyň aşagynda galan ýaş gyz, ýer titremesinden 28 sagat soň ýaraly ýagdaýda halas edildi.

Gaziantepde hem bir zenan 25 sagat soň harabalygyň aşagyndan sag aman halas edildi.

Ýykylan binalaryň ýerleşýän ýerlerinde gözleg we halas ediş işleri dowam edýär.

Gyzyl ýarymaý jemgyýeti tarapyndan ýer titremesiniň bolan ýerlerinde ilkinji etapda 10 müň adamlyk çadyrlan gurulmaga başlandy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky parlamentara gatnaşyklary ýokarlandyrylýar
Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky parlamentara gatnaşyklary ýokarlandyrylýar
Türki Döwletleriň Gün Tertbindaki Wakalar
Tywa Türkçesi
Garagalpak Türkçesi
Salyr Türkçesi
Turkish Airlines innowasion üstünlikleri üçin abraýly Inovalig baýragynda ilkinji üçlüge girdi