Güýç merkezi Kahramanmaraş bolan 7,7 we 7,6 bal ululygyndaky ýer titremesinde ýogalanlaryň sany 3 müň 419 adama ýetdi.
Prezidentiň orunbasary Fuat Oktaý, güýç merkezi Kahramanmaraş bolan ýer titremesinde 3 müň 419 adamyň ýogalandygyny, 20 müň 534 adamyň ýaralanandygyny belledi.
Oktaý, ýer titremesinde 8 müňden gowrak adamyň hem harabalygyň aşagyndan sag aman halas edilendigini nygtady.
Fuat Oktaý, daşary ýurtlardan 3 müň 294 adamlyk gözleg we halas ediş toparynyň gelendigini belledi.
Beýleki tarapdan Hataýyň Odabaşy etrapçasynda ýykylan binanyň harabalygyndan 30 ýaşyndaky Hülýa Ýylmaz bilen 6 aýlyk bäbejigi Aýşe Wera Ýylmaz 29 sagat soň sag aman halas edildi.
Hülýa Ýylmaz bilen gyzy Aýşe Wera hassahanda bejergi astyna alyndy.
Kahramanmaraşda harabalygyň aşagynda galan ýaş gyz, ýer titremesinden 28 sagat soň ýaraly ýagdaýda halas edildi.
Gaziantepde hem bir zenan 25 sagat soň harabalygyň aşagyndan sag aman halas edildi.
Ýykylan binalaryň ýerleşýän ýerlerinde gözleg we halas ediş işleri dowam edýär.
Gyzyl ýarymaý jemgyýeti tarapyndan ýer titremesiniň bolan ýerlerinde ilkinji etapda 10 müň adamlyk çadyrlan gurulmaga başlandy.