Güýç merkezi Kahramanmaraşda 6-njy fewralda bolan we 10 welaýatda duýulan ýer titremesinde ýogalanlaryň sany 18 müň 342 adama ýetdi.
Tebigy apatlar we adatdan daşary ýagdaýlar edarasyndan (AFAD) berlen beýannama görä, ýer titremesinde şu gün ir sagat 08.30-a çenli 18 müň 342 adam ýogaldy, 74 müň 242 adam hem ýaralandy.
Prezidentiň orunbasary Fuat Oktaý, Güýç merkezi Kahramanmaraşda bolan 7,7 we 7,6 bal ululygyndaky ýer titremesinden soň 29 müň 622 toparyň gözleg we halas ediş işlerine gatnaşýandygyny aýtdy.
Oktaý, uly şäherlerden soň obalardaky gözleg we halas ediş işleriniň dowam edýändigini belledi.
75 ýurtdan gelen 6 müň 479 adamlyk gözleg we halas ediş toparynyň ýer titremesiniň bolan sebitlerinde iş alyp barýandygyny aýdan Oktaý, ýer titremesinden soň Türkiýä gözleg we halas ediş toparyny ugradan ýurtlara sagbolsun aýtdy.
Gözleg, halas ediş we kömek işlerine 120 müň 344 adamyň gatnaşýandygyny aýdan Oktaý, Kilis we Şanlyurfa welaýatlarynda gözleg we halas ediş işleriniň tamamlanandygyny, Diýarbakyr, Adana we Osmaniýe welaýatlarynda hem tamamlanyp barýandygyny ýatlatdy.
Fuat Oktaý, ýer titremesinde ejir çekenlere ynsanperwer kömegini berýän ähli guramalara sagbolsun aýtdy.