Güýç merkezi Kahramanmaraşda 6-njy fewralda bolan we 10 welaýatda duýulan ýer titremesinde ýogalanlaryň sany 17 müň 674 adama ýetdi.
Prezidentiň orunbasary Fuat Oktaý, Güýç merkezi Kahramanmaraşda bolan 7,7 we 7,6 bal ululygyndaky ýer titremesinde ýogalanlaryň sanynyň 17 müň 674, ýaralananlaryň sanynyň hem 72 müň 879 adama ýetendigini mälim etdi.
29 müň 622 toparyň gözleg we halas ediş işlerine gatnaşýandygyny aýdan Oktaý, uly şäherlerden soň obalardaky gözleg we halas ediş işleriniň dowam edýändigini belledi.
75 ýurtdan gelen 6 müň 479 adamlyk gözleg we halas ediş toparynyň ýer titremesiniň bolan sebitlerinde iş alyp barýandygyny aýdan Oktaý, ýer titremesinden soň Türkiýä gözleg we halas ediş toparyny ugradan ýurtlara sagbolsun aýtdy.
Gözleg, halas ediş we kömek işlerine 120 müň 344 adamyň gatnaşýandygyny aýdan Oktaý, Kilis we Şanlyurfa welaýatlarynda gözleg we halas ediş işleriniň tamamlanandygyny, Diýarbakyr, Adana we Osmaniýe welaýatlarynda hem tamamlanyp barýandygyny ýatlatdy.
Fuat Oktaý, ýer titremesinde ejir çekenlere ynsanperwer kömegini berýän ähli guramalara sagbolsun aýtdy.