Ýer Titremelerinde Ýogalanlaryň Sany 45 müň 968 Adama Ýetdi

Ýer Titremelerinde Ýogalanlaryň Sany 45 müň 968 Adama Ýetdi

6-njy fewralda güýç merkezi Kahramanmaraşda we 11 welaýatda uly ýitgi çekilmegine sebäp bolan 7,7 we 7,6 bal ululygyndaky ýer titremelerinde ýogalanlaryň sany 45 müň 968 adama ýetdi.

Içeri işler ministri Süleýman Soýlu, Hataýda metbugata beýannama berdi.

Ministr Soýlu “Çekilen ýitgiler we gazanylan ýeňişler halklary birleşdirýär. Halkymyz bu gynandyryjy apata garşy birlikde hereket edýär” diýdi.

Ministr Soýlu ýer titremelerinde ýogalanlaryň sany hakynda hem maglumat berdi.

Süleýman Soýlu “ Ýer titremelerinde 45 müň 968 adam ýogaldy, ýogalanlaryň 4 müň 267-si siriýaly doganlarymyz” diýip belledi.

Soýlu, ýer titremelerinden soň jemi 13 müň 72 ýer sarsgynynyň bolandygyny ýatlatdy.

Ýer titremeleriniň başdan geçirlen sebitinde 332, Hataýda 80 çadyr şäherçäniň gurlandygyny aýdan Soýlu “1,5 million adam çadyrlara ornaşdyryldy” diýip belledi.

Soýlu, Hataýda häzire çenli 3 müň konteýneriň gurlandygy we jemi 21 müň 895 konteýneriň gurulmagynyň meýilleşdirlendigini nygtady.

Içeri işler ministri Soýlu ýer titremeleriniň başdan geçirlen sebitlerden jemi 2 million 141 müň adamyň başga ýere göçürlendigini ýatlatdy.

Ýene degişli makalalar

Ysraýylly Serkerde Wezipesinden Çekildi
Ekwadorda bolan ýertitremede ýogalan adamlaryň sany artdy
ÝÇL: çärýek finalçylar garşydaşlaryny bildiler
Sil Apatynda Ýogalanlaryň Sany 14 Adama Ýetdi
Gruziýada Dartgynlyga Sebäp Bolan Kanun Taslamasy Yzyna Çekildi
ABŞ-nyň Esgerleriniň Siriýadan Çekilmegi Hakyndaky Taslama Kabul Edilmedi