6-njy fewralda güýç merkezi Kahramanmaraşda bolan 7,7 we 7,6 bal ululygyndaky ýer titremelerinde ýogalanlaryň sany 31 müň 643 adama ýetdi.
Tebigy apatlar we adatdan daşary ýagdaýlar edarasy AFAD tarapyndan berlen beýannamada, 10 welaýatda uly ýitgi çekilmegine sebäp bolan ýer titremelerinde ýogalanlaryň sanynyň 31 müň 643 adama ýetendigi nygtaldy.
Beýannamada, ýaralananlaryň sanynyň bolsa 80 müň 278 adama ýetendigi bellenildi.
Beýleki tarapdan Prezidentiň orunbasary Fuat Oktaý, “Ýer titremesiniň başdan geçirlen sebitlerinde gözleg we halas ediş işlerine 34 müň 717 adam gatnaşýar” diýdi.
Daşary işler ministrligi bolsa birnäçe ýurtdan 10 müňden gowrak adamyň gözleg we halas ediş işlerine goldaw berýändigini mälim etdi.
Geçen hepde bolan we 10 welaýatda uly ýitgi çekilmegine, müňlerçe adamyň ýogalmagyna sebäp bolan 7,7 we 7,6 bal ululygyndaky ýer titremeleri “asyryň betbagtçylygy” hökmünde häsiýetlendirilýär.